Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň dost-doganlyk,
hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet
syýasaty häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli
dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken
ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur
alnyp, düýn goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
Mälim bolşy ýaly, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde
gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti
O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme
baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy
betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp,
türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de
birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, ejir çeken
çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman
Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Milli Liderimiz bu başlangyjy makullap, halkymyzyň kyn
pursatda goňşusyna ýardam bermek üçin oňa hemişe dostluk goluny uzadýandygyny
belledi we ata-babalarymyzyň «Kyýamat güni goňşudan» diýen dana sözlerinden
ugur alyp, goňşularymyza mätäç gününde doganlyk kömegini bermek baradaky
çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy. Hormatly Arkadagymyz doganlyk owgan halkyna,
ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we
ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyna
ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara bu işleri guramak barada görkezmeleri berdi.
Kabul edilen çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman
hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden
ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri
esasynda guraldy. Ynsanperwer maksatly çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler
wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Ejir çeken ilata, aýratyn-da, çagalara goldaw bermek
boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede
parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň
dabaralandyrylmagyna ygrarlydygynyň hem güwäsidir.