Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa”
dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Bu dialogyň esasy maksady sebit hyzmatdaşlygyny
ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly
Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr.
...Sammitiň geçirilýän ýerinde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri
Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň
Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler. Wekiliýet Baştutanlarynyň
sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata
düşmek dabarasyndan soňra, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji
sammiti geçirildi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri
ýokary derejeli duşuşygy açyp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin sammite
gatnaşyjylara hoşallyk bildirdi we Ýaponiýanyň dialogyň şu formatyny döretmek
boýunça başlangyjy öňe sürmek bilen, durnukly we gülläp ösýän sebit hökmünde
Merkezi Aziýanyň möhüm ornuny ykrar edýändigini belledi. Şeýle hem ol Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýandygyny nygtady.
Soňra sammite gatnaşyjylara söz
berildi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bildirilen myhmansöýerlik üçin
Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň şu günki
duşuşyga häzirki ählumumy geoykdysady we syýasy ýagdaýlary, dünýä ösüşiniň
merkezi hökmünde Aziýanyň barha artýan ornuny nazara alyp, Merkezi Aziýa
ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary hil we many-mazmun
taýdan täzelemek üçin möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz şeýle ýagdaýda we täze meýilleridir şertleri göz öňünde tutup,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň
yzygiderli pugtalandyrylmagynyň tebigy proses bolup durýandygyny belläp, şu
sammitiň geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklary uzak möhletleýin
esasda ýola goýmaga, dialogyň işjeň gatnaşyjylary bolmaga taýýardyklarynyň
aýdyň subutnamasydygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz bu gün
Tokioda bilelikde Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly
gatnaşyklaryň binýadynyň goýulýandygyny, birek-biregi has gowy tanamak we
ýakynlaşmak, ynanyşmak, açyklyk ýagdaýyny berkarar etmek üçin şertleriň
döredilýändigini nygtap, bu ýörelgeleriň kesgitleýji ýörelgeler boljakdygyna,
ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga oňyn täsir etjekdigine, bilelikdäki giň
möçberli başlangyçlary we taslamalary amala aşyrmaga ýardam berjekdigine pugta
ynam bildirdi. Biz “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň sammitiniň yzygiderli
esasda geçiriljekdigine umyt edýäris. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň
hut şeýle formaty we derejesi bilelikdäki mümkinçilikleri has netijeli
ulanmaga, zerur netijäni gazanmaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýaryn.
Türkmenistan dialog boýunça hyzmatdaşlar bilen döredijilikli iş alyp barmaga
taýýardyr. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti, hakykatdan-da,
ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Biziň
döwletlerimiz ilkinji gezek ýokary derejede bilelikde ýygnanyşyp, uzak
möhletleýin, durnukly hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umumy
gyzyklanmalary tassykladylar. Türkmenistan üçin gatnaşyklaryň şeýle formaty uly
ähmiýetli şert, daşary syýasat we ykdysady strategiýanyň aýrylmaz bölegi bolup
durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu strategiýada
Ýaponiýa dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjylarynyň biri we halkara bileleşigiň
ählumumy ýagdaýlaryň ösüşine möhüm goşant goşýan abraýly hem-de ygtybarly
agzasy hökmünde mynasyp orun eýeleýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen
Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi,
hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy hem-de iş ýüzünde täze many-mazmun
bilen baýlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyna
aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýapon işewürliginiň sebitiň ösdürilmegine işjeň
gatnaşmagy hyzmatdaşlygyň, gürrüňsiz, ileri tutulýan ugry hasap edilýär.
Indi köp ýyllaryň dowamynda biziň
ýurdumyz “Mitsubishi”, “Kawasaki”, “Sumitomo”, “Toyo”, “Sojitz”, “Komatsu”,
“Toyota” ýaly meşhur ýapon kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, gaz
pudagy, himiýa senagaty, elektroenergetika, ulag, suw hojalygy ýaly strategik
taýdan ähmiýetli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalary durmuşa
geçirýär. Türkmenistanda Ýaponiýa bilen ýetilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
hem-de işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýola goýlan mehanizmleriniň derejesine ýokary
baha berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu hyzmatdaşlyk
netijelidigini we özara bähbitlidigini görkezdi. Energetika, senagat ulgamynda
bilelikdäki iri taslamalaryň amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu
taslamalar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň gerimini we mümkinçiliklerini açyp
görkezýär.
Merkezi Aziýa ýurtlary Ýaponiýa
bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly serişdelere eýedirler. Biziň
umumy wezipämiz dialoga gatnaşyjylaryň ählisiniň güýçli taraplaryny doly
herekete getirmek bilen, hakykatdan-da, möhüm ähmiýetli we strategik ugurlarda
tagallalarymyzy birleşdirmekden ybaratdyr. “Ýaşyl” geçiş şeýle ugurlaryň
biridir. Türkmenistan Ýaponiýanyň “ýaşyl” energetika we durnukly ösüş
ulgamyndaky başlangyçlaryna uly gyzyklanma bilen garaýar. Dünýäde energiýa
serişdelerine baý bolan iri ýurtlaryň biri hökmünde bu ulgamda hyzmatdaşlyk
biziň üçin ägirt uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistan energiýa
tygşytlaýjy, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
çeşmelerini we beýleki ugurlaryny ornaşdyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa
geçirýär. Wodorod energetikasy aýratyn üns berilmegini talap edýän meseledir.
Wodorodyň geljegiň energiýasydygyna düşünip, biz häzirden ýapon kompaniýalary
bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny öwrenmäge girişdik. Sukuba uniwersiteti
hem-de onuň degişli düzümleri biziň bu ugurdaky hyzmatdaşymyzdyr. Umuman, biz
“ýaşyl” energetika, energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa önümçilik
ulgamynda baý tejribä we ýokary tehnologiýalara eýe bolan Ýaponiýa bilen ýakyn
hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýäris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz
sözüniň üstüni ýetirdi.
Nygtalyşy ýaly, dialogyň
çäklerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde ählumumy tagallalaryň bölegi hökmünde
Merkezi Aziýada “ýaşyl” geçişiň umumy çemeleşmelerini işläp taýýarlamak
maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, “ýaşyl” diplomatiýanyň —
halkara giňişlikde bilelikdäki jogapkärçilige esaslanýan hem-de geljegiň
bähbidine alnyp barylýan işlerde hyzmatdaşlyk nusgalarynyň ilerledilmegine
aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda howanyň üýtgemegi bilen bagly, şol sanda
sebitde ýöriteleşdirilen merkezleriň, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýada
howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň
döredilmegi baradaky başlangyçlary goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
möhüm hasaplanýar. Bu meselede Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz özara
baglanyşyk barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň ulag we üstaşyr baglanyşygyň
ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Biz hyzmatdaşlygyň adalatly,
inklýuziw ýörelgeleriniň kemala getirilmeginiň zerurdygyndan ugur alýarys. Şunda
täze ugurlar ozal hereket edýänleriniň ýerini tutman, olaryň üstüni ýetirýär.
Biziň ýurdumyz Ýewropany, Ýakyn Gündogary hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitini
birleşdirýän multimodal ulag taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär. Öz maliýe we
maddy serişdelerimizi bu taslamalara gönükdirýäris. Mysal üçin, Türkmenistan
birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, öz serişdeleriniň
hasabyna Hazaryň kenarynda häzirki zaman Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň,
paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzilleriniň,
Türkmenistany goňşy ýurtlar bolan Gazagystan, Eýran, Owganystan bilen
birleşdirýän täze demir ýollaryň gurluşygyny we olaryň ulanmaga berilmegini
üpjün etdi. Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerine çenli uzaýan awtomobil
ýollarynyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady.
Bellenilişi ýaly, adam
mümkinçiliklerini ösdürmek möhüm ugur bolup durýar. Merkezi Aziýa ýaş we
okgunly ösýän, bilim, ylym, tehnologiýalar, ynsanperwer alyşmalar ulgamynda
hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ilatyň jemlenen sebitidir.
Türkmenistan Ýaponiýa bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet
berýär. Ýurdumyzyň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi häzirki
wagtda ýapon dilini öwrenýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň, talyplaryň
we akademiki toparlaryň gatnaşyklaryny üpjün etmek maksady bilen, “Merkezi
Aziýa — Ýaponiýa” ýaşlar forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýäris.
Şeýle hem “Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň dialogy” atly hemişelik
hereket edýän platformany döretmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we ýurtlarymyzyň zenanlarynyň giň ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyny
ýola goýmagyň bu teklibiň baş maksadydygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki
zaman şertlerinde açyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny nygtap,
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe,
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly senesine
bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen iri halkara forumyň
ähmiýetini belledi. Bu forum häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda
parahatçylygy, ynanyşmagy we dialogy pugtalandyrmak ýaly wajyp meseleleri ara
alyp maslahatlaşmak üçin abraýly halkara meýdança öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz
pursatdan peýdalanyp, bu foruma işjeň gatnaşan “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa”
dialogynyň gatnaşyjylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan Bitarap döwlet
bolmak bilen, ähli halkara meseleleriň diňe parahatçylykly ýollar arkaly,
BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda
çözülmelidiginden ugur alýar. Halkara hukugy ileri tutmak ýörelgelerini berjaý
etmek, halkara hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak,
şeýle hem BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, beýleki
köptaraplaýyn resminamalaryň iş ýüzünde berjaý edilmeginiň netijeliligini
ýokarlandyrmak esasy şert bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
sammite gatnaşyjylardan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek
baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagy haýyş etdi.
Aziýada ynanyşmagy pugtalandyrmak
hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň kadalary we ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn
hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly şertleri döretmek ileri tutulýan ugurlaryň ýene biridir.
Şeýle hem Türkmenistan ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk, ýadro synaglarynyň ähli
görnüşlerini gadagan etmek, ýaragsyzlanmak tertibini üpjün etmek ýaly möhüm
ugurlarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Bu ugurlarda
hyzmatdaşlyga ählumumy howpsuzlyga, strategik durnuklylyga möhüm goşant
hökmünde garaýarys diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.
“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa”
dialogynyň birinji sammiti hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasynda
ynanyşmagy, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam
bermäge hem-de bu formatyň işjeň gatnaşyjysy bolmaga taýýardygyny tassyklady.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň
halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine hem-de halkara
hyzmatdaşlygyň durnukly we netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şerti
bolup durýandygyna ynam bildirdi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri çuň
manyly çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen
teklipleriň möhüm ähmiýetini belledi.
Sammite gatnaşyjylar energiýa
serişdelerini ibermegiň durnukly zynjyrlaryny pugtalandyrmak, Hazarüsti halkara
ulag geçelgesini ösdürmek, senagat we beýleki ulgamlara emeli aňy ornaşdyrmak,
Merkezi Aziýada wodorod energetikasy tehnologiýalaryna maýa goýumlary çekmek,
medeni we akademiki alyşmalary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp
maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň
sammitiniň Tokio Jarnamasy hem-de ykdysadyýet we energetika babatda ministrler
derejesindäki Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Şol gün wekiliýet Baştutanlary
“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahatynyň plenar mejlisine
hem gatnaşdylar. Plenar mejlisde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti
çakylygy kabul edip, sammite gatnaşandyklary üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
döwlet Baştutanlaryna hoşallyk bildirip, duşuşygyň netijeleri boýunça gazanylan
ylalaşyklaryň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge täze itergi
berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra plenar mejlisiň dowamynda
gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary yglan etmek dabarasy boldy. Dabaradan
soňra, Ýaponiýanyň Premýer-ministri we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary
resminamalary alşan wekiller bilen ýadygärlik surata düşdüler we ol ýerden
ugradylar.
Işewürlik maslahatynyň dowamynda
“Ýaşyl” energetika we durnuklylyk”, “Sanly özgertmeler we özara baglanyşyk”,
“Maliýe, adam serişdeleri we jemgyýetçilik ulgamynyň işewürligi ösdürmekde
eýeleýän orny” atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Foruma türkmen tarapyndan
ýurdumyzyň degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň wekilçilikli düzümi gatnaşdy.
Ýaponiýa iş saparynyň
maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza
ugrady.
...Birnäçe sagatdan döwlet
Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde
hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň
Ýaponiýa amala aşyran iş sapary we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň
birinji sammitine gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek
möhüm waka boldy. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen
resminamalaryň toplumy bolsa ýakyn geljekde giň möçberli täze taslamalary
durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýdy.
* * *
Hormatly Prezidentimiziň iş
saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýet agzalary Ýaponiýanyň wekilleri bilen
ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.