Düýn – 14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.
Türkmenistanyň milli pawilýony üç gatdan ybarat bolup, onuň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen birinji gatynda Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, ykdysady ösüşleri we tebigy baýlyklary bilen tanyşdyrýan immersiw görkezme zaly ýerleşýär. Bölümde täze tehnologiýalaryň, multimedia enjamlarynyň giňden ulanylmagy ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň köpugurly ykdysady hem-de medeni kuwwaty, ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, geljegi barada aýdyň düşünje we doly maglumat almaga mümkinçilik berýär.
«EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisi Osakadaky Ýumeşima emeli adasynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli dowam eder.