Yslam
dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny
berjaý etmek üçin giden ildeşlerimiz Watanymyza dolanyp geldiler. Saud
Arabystany Patyşalygyna zyýaraty amala aşyran toparyň agzalary haj parzyny
ýerine ýetirmek babatda döwlet tarapyndan alada edilýändigi üçin hajy
Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Döwlet
Baştutanymyzyň kabul eden çözgüdine laýyklykda, yslam dünýäsiniň mukaddes
künjekleri hasaplanýan Mekgede we Medinede bolup, haj parzyny berjaý eden
ildeşlerimiz ak uçardan düşüp, ene topragymyza gadam goýdular. Olaryň uly
dabara bilen garşylanylmagy ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň
dowamata atarylýandygyny alamatlandyrdy.
Asylly
däbe eýerilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Arkadagly hajy
Serdarymyzyň we hajy Arkadagymyzyň hemaýat-goldawy bilen watandaşlarymyzyň uly
topary yslam dünýäsiniň iki mukaddesligi saýylýan Mekge hem-de Medine
şäherlerinde haj parzyny berjaý etdiler. Ildeşlerimiz keramatly ýerlerde asylly
däbe öwrülen ýagşy dessurlary agzybirlikde ýerine ýetirdiler. Olaryň yslam
dünýäsiniň wekilleri bilen bilelikde berjaý eden dessurlary musulmançylykda
parz işlere aýratyn ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi.
Watandaşlarymyz
edilen doga-dilegleriň, berlen gurbanlyk sadakalarynyň Beýik Biribaryň
dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.
Mälim
bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzdan Mekgä we Medinä zyýarata giden ildeşlerimiziň
umumy sany 3 müňe golaýlaýar. Olar sekiz topara bölünip, kesgitlenen tertipnama
boýunça Saud Arabystany Patyşalygynda zyýaratda boldular. Munuň özi halkymyzyň
bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, olaryň sogaply işleri berjaý etmekleri
ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň güwäsidir.
Goý, haj parzyny berjaý eden zyýaratçylaryň ýagşy dilegleri, beren sadakalary Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!