2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” agentligi
tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen, Mekgede we Medinede haj parzyny
berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.
Watandaşlarymyz
haj parzyny berjaý edýän pursatlarynda Beýik Biribardan mähriban halkymyzyň
bagtyýarlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa jan saglygyny dileg edip, aýat-doga okarlar, Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işlerde merdana
halkymyza üstünlikleri arzuw ederler.