2025-nji
ýylyň iýun aýynyň 23-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň
Energetika ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
wekillerinden ybarat toparyň Germaniýa Federatiw Respublikasynda tanyşlyk iş
sapary başlandy. Bu tanyşlyk iş sapary 2025-nji ýylyň 23 – 28-nji iýuny
aralygyny öz içine alyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara
hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin
Ýewropa Bileleşigi: 2024–2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň
üýtgemegi boýunça hereketler” atly taslamanyň çäklerinde geçirilýär.
Iş
saparyň birinji güni türkmen wekilýeti Germaniýanyň Federal Daşary işler
ministrliginiň (Auswärtiges Amt) wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekilýeti gaýtadan dikeldilýän energiýa ugurlary bilen baglanyşykly Germaniýanyň ýokary bilim syýasatyny, energetika we daşky gurşaw tehnologiýalary boýunça ylmy-barlaglary maliýeleşdirmek mehanizmlerini hem-de akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Germaniýanyň Ylym, tehnologiýa we kosmos boýunça federal ministrliginde (Bundesministerium für Forschung, Technologie und Raumfahrt – BMFTR) duşuşyk geçirdi.
Türkmen wekilýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş sapary dowam edýär.