Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde guralan Halkara dokma
forumyna gatnaşdy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň dokma pudagynyň wekilleri
gepleşikleri geçirdiler. Şeýle-de bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de
beýleki sebitleriň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň we öňdebaryjy dokma
kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýeti forumda ýurduň dokma senagaty
ulgamyndaky esasy üstünliklerini — ýokary hilli pagta önümleriniň öndürilmegi,
döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, eksport mümkinçilikleriniň
ösdürilmegi we doly önümçilik zynjyrynyň emele getirilmegi bilen bagly ýetilen
sepgitleri köpçülige tanyşdyrdy.
Forumyň dowamynda Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň degişli ugurda
iş alyp kompaniýalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek, tejribe we öňdebaryjy tehnologiýalary
alyşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Duşenbedäki birnäçe senagat
desgasyna, şol sanda «Guliston» dokma fabrigine baryp gördi. Olar bu ýerde
önümçilik prosesi we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen gyzyklanyp, dokma
pudagyndaky mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşdylar.