Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn
ýaryşynda aýdyň üstünlik gazanyp, 2026-njy ýylda Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň
IV toparynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu ajaýyp waka Isa-Taun şäherindäki
Politehniki uniwersitetiniň meýdançasynda bolup geçdi, bu ýerde bir hepdäniň
dowamynda Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň V toparynyň 14 topary ýokary derejeli
ýaryşda çykyş etmäge mümkinçilik berýän iki sany ýeňiş gazanmak ugrunda
bäsleşdiler.
Ýaryşyň birinji tapgyrynda biziň watandaşlarymyz «C»
toparçasynda ynamly öňe saýlanyp, ýekelikdäki we jübütlikdäki duşuşyklarda
garşydaşlarynyň birinden hem ýeňilmän, ilkinjiligi eýelediler. Birinji
tapgyrynda Bruneýiň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edildi, soňra
bolsa şol hasap bilen Bangladeşiň we Bahreýniň toparlary hem ýeňildi.
Utulan-çykdy tapgyryna çykmak ugrundaky çözgütli duşuşykdan öň, ýaryşyň ýer
eýeleri ýerli tomaşaçylaryň goldawyna eýe bolup, açyk öňbaşçylar hasaplanýardy.
Ýöne Türkmenistanyň tennisçileri muňa razy bolman, güýçli garşydaşlara hiç hili
mümkinçilik galdyrmadylar.
Ýeňijiniň derejesini ýokarlandyrmaga hukuk aljak
utulan-çykdy tapgyrynyň duşuşygynda biziň toparymyz Guamyň ýygyndysy bilen
oýnamaly boldy. Guam topary mundan öň Mýanmanyň we Mongoliýanyň toparlaryny 2:1
hasabynda ýeňip, «B» toparçasynda birinjiligi eýeläpdi.
Utulan-çykdy tapgyrynyň çözgütli duşuşygyndan öň
hünärmenler çaklamalarda seresaply boldular. Bir tarapda türkmen tennisçileriniň
şu ýaryşda ynamly oýny, beýleki tarapda bolsa biziň toparymyzyň peýdasyna däl
şahsy duşuşyklaryň statistikasy bardy. 2018-nji ýylda Guam topary Omanda
geçirilen ýaryşda 3:0 we 2023-nji ýylda Türkiýede geçirilen ýaryşda 2:1
hasabynda iki gezek ýeňiş gazanypdy, Türkmenistanyň toparynyň bolsa bir ýeňşi
bardy. Ony 2019-njy ýylda Iordaniýada geçirilen ýaryşda 3:0 hasabynda
gazanypdy.
Çylşyrymly çaklamalara garamazdan, utulan-çykdy
tapgyrynyň duşuşygy biziň toparymyz üçin gaty aňsat boldy, emma ilki bilen uly hasap
bilen ýeňilen birinji setden soň gaty uly aladalanma döredi. Emma soňky iki
setde Selim Çagylow özüni ele alyp, 1 sagat 31 minut wagt dowam eden ilkinji
ýekelikdäki duşuşykda Junhýokom Sýony 1:6, 6:3, 6:1 hasabynda batyrgaý ýeňlişe
sezewar etdi. Ikinji ýekelikdäki duşuşykda Allanur Daýanjow 51 minut wagtyň
içinde Braýs Manalony 6:1, 6:0 hasabynda ynamly ýeňip, Türkmenistanyň wagtyndan
öň ýeňmegini üpjün etdi. Meýlis Orazmuhammedow we Ýuriý Rogusskiý jübütlikdäki
duşuşykda Daniel Lýarenasy we Emil Kristian Penafiýeli 1 sagat 5 minut wagtyň
içinde super-taý-breýkde 2:6, 6:2, 10:5 hasabynda ýeňip, biziň toparymyzyň
peýdasyna ahyrky 3:0 hasaby kesgitlediler.
Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň milli
ýygyndysynyň düzüminde: Ýuriý Rogusskiý, Meýlis Orazmuhammedow, Selim Çagylow,
Allanur Daýanjow we Aly Geldiýew çykyş etdiler. Toparyň kapitany – Miraly
Gasanow. Tälimçisi – Gurbanberdi Gurbanberdiýew. Wekiliýetiniň ýolbaşçysy –
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow.
Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň IV toparyna ikinji ýeňiş
gazananlar utulan-çykdy tapgyrynyň başga duşuşygynda Maldiw adalarynyň toparyny
ýeňen Demirgazyk Mariana adalarynyň topary boldy.
Türkmenistan tarapyndan yglan edilen we BMG-niň Baş
Assambleýasynyň Kararnamasy bilen goldanylan 2025-nji ýyl – Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly türkmen tennisi üçin örän üstünlikli boldy.
Şeýlelikde, Ferganada 12 ýaşa çenli Merkezi Aziýa birinjiliginde gyzlar topary
ozalky döwürlerde ymykly bäsleşen Özbegistanyň ýygyndysyny ýeňip, Singapurda 12
ýaşa çenli (U12) Aziýa toparlaýyn birinjiliginde ilkinji gezek çykyş etmäge
hukuk gazandylar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň zenanlar topary
Kolombodaky (Şri-Lanka) «Billie Jean King Cup» («Group III Asia/Oceania») sebit
ýaryşynda ikinji orny eýeledi. Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy bolsa
Türkiýäniň Manawgat şäherinde ilkinji gezek abraýly «ITF Master’s World Team
Championship» ýaryşyna gatnaşyp, dünýäniň iň güýçli sekiz toparynyň hataryna
goşulyp, bu üstünligi türkmen tennisiniň taryhyna ýazdy.
Ine, indi hem Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn
ýaryşynda erkekler topary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ýaly ýene
bir ajaýyp wakanyň öňüsyrasynda şowly üstünlik gazandy.