Düýn — 18-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Biz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn nygtady we häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk esasynda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi.
Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar barada edýän aladasy üçin Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.