milli goshun logo
Türkmen suratkeşi «Geljegiň mirasy» diýen halkara baýraga mynasyp boldy
Türkmen suratkeşi «Geljegiň mirasy» diýen halkara baýraga mynasyp boldy
22 sagat öň 18 Habarlar

Daşkentde «Geljegiň mirasy» atly halkara baýraga mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy bolup geçdi. Birinji bäsleşigiň netijeleri boýunça «Surat we amaly sungat» ugurlary boýunça baýrak Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowa berildi.

2025-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan döredilen bu baýrak däp-dessurlaryň dikeldilmegine, sungatyň ösüşine we milli ruhy mirasyň giňden ýaýradylmagyna uly goşant goşan medeniýet işgärlerine gowşurylýar.

Dabara birnäçe Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň baştutanlary gatnaşdy. Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda heýkeljikler, degişli diplomlar we pul baýragy gowşuryldy.