Düýn Türkmenistanyň nebitgaz
toplumynyň binasynda Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça
türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda taraplar
deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-rumyn
gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Iş toparynyň
çäklerinde geçirilýän duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleri
ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Mejlisiň barşynda iş toparynyň ýedinji
mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar diňlenildi. Taraplar
energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge we gatnaşyklary
ösdürmäge gönükdirilen anyk çäreleri-de ara alyp maslahatlaşdylar.