milli goshun logo
Türkmen-özbek gatnaşyklary dabaralanýar
Türkmen-özbek gatnaşyklary dabaralanýar
28.03.2025 151 Habarlar

 Düýn – 27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmaga mümkinçilik berjek duşuşyklarda üstünlikleri arzuw edip, gepleşikleriň jemleriniň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, köptaraplaýyn formatda hem döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary işler ministri medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi doganlyk halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, asyrlar aşyp gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin özboluşly köpri bolup hyzmat edýär.