Şu gün türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda
telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz dostlukly
döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat
Mirziýoýewe berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, bagtyýarlyk, Özbegistanyň
doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda mundan
beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy özbek Liderine doglan güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.
Özbegistanyň Prezidenti mähirli
gutlaglary, hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine
berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gadymdan
gelýän dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan
hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan
bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň
umumy abadançylygyň bähbidine özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda
mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hem-de mümkinçilikden
peýdalanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy
üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýokary döwlet wezipesinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.