milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
12 sagat öň 14 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady.

Gahryman Arkadagymyz Hytaýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny belledi. Parlamentara hyzmatdaşlyk, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Bu ugurda özara saparlar yzygiderli guralýar. Munuň özi hyzmatdaşlygy many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Hormatly Arkadagymyz ýakynda geçirilen Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň mejlisinde Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlaryň kabul edilendigine ünsi çekip, olaryň Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyçlary bilen many-mazmun taýdan gabat gelýändigini belledi. Şeýle hem bu ählumumy başlangyçlar ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we milli medeni mirasymyzy dünýäde giňden ýaýmak boýunça tagallalary bilen utgaşýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesiniň bilim almagy bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Sun Sinlin adyndaky gaznanyň hem-de dostlukly ýurduň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky Ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine barlyp görlendigini aýtdy. “Bu sapar ýurtlarymyzyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we çagalaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.

...Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe sagatdan soňra, Pekiniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary dowam edýär.