Şu gün türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde
“Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi.
Türkmenistanyň
hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň, hoşniýetli
goňşuçylygyň tejribesi baglanyşdyrýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk özara düşünişmegi we ynanyşmagy
pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ol medeniýet, sungat, ylym-bilim ýaly
möhüm ugurlary öz içine alýar hem-de gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açýar,
halklaryň medeni mirasy bilen tanyşmaga ýardam berýär.
...Toplumyň
merkezi girelgesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Atçylyk
assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, “Equuleus” halkara atçylyk
toplumynyň wekilleri mähirli garşyladylar. Olar Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygyny dünýäniň ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly goşant goşan
şahsyýet hökmünde mübäreklediler. Soňra hytaý tarapynyň wekilleri Milli Liderimizi
toplum bilen tanyşdyrdylar.
Haly düşelen
ýodajygyň ugrunda sazandalar topary hytaý saz gurallarynda milli sazlary ýerine
ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyz sazandalara çykyşlary üçin minnetdarlyk
bildirip, olary Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmaga
ýurdumyza çagyrdy.
Ýolugra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ahalteke bedewiniň keşbi
şekillendirilen halyny synlady. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyna
atlaryň gezim etdirilişi we hytaý tohum itleri görkezildi.
Ata-babalarymyz
tarapyndan asyrlaryň dowamynda tohum arassalygy aýawly saklanyp, biziň
günlerimize üýtgewsiz ýagdaýda gelip ýeten türkmen alabaýy bütin adamzat
medeniýetiniň gymmatly mirasyna öwrülip, dünýäde bar bolan tohum itleriň
naýbaşy nusgalarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly
başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda türkmen
alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda
öwrenmek üçin döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň
bilen baglylykda, alabaýlaryň dünýädäki abraýyny artdyrmak boýunça halkara
hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi itşynaslaryň arasynda tejribe
alyşmaga, bu ugurda özara gatnaşyklary höweslendirmäge mümkinçilik döredýär.
Soňra Gahryman
Arkadagymyz toplumda atlaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Tanyşlygyň dowamynda
hytaý tarapynyň wekilleri toplumyň sport atlaryny taýýarlamak we halkara
ýaryşlary guramak boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.
Soňra Milli
Liderimiz bu ýerde ahalteke atlaryny synlady. Toplumyň hünärmenleri Hytaýda
ahalteke tohum atlaryny idetmek işiniň türkmen seýisçilik däplerini we
usullaryny utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny bellediler. Bu usulyýet
ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamakda esasy şertleriň biridir.
Hormatly
Arkadagymyz türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbine eýerip, bu ýerde behişdi
ahalteke bedewiniň boýnuna alaja daňdy. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp
gelýän asylly ýörelgeleriniň dünýäde wagyz edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen atlary seýislemek boýunça milli
ýörelgeleri, oňyn tejribeleri atşynaslaryň ünsüni çekýär. Halkymyz ahalteke
bedewleri ýaly halk seçgiçilik sungatynyň kämil eserini dünýä bermek bilen
çäklenmän, eýsem, bu ajaýyp atlary olaryň arassa ganlylygy we oňyn häsiýetleri
bilen saklamagy, ösdürmegi hem başarypdyr.
Türkmen halkynyň
Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, milli
atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum
arassalygyny gorap saklamak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Soňra Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň dolandyryş binasynda ýaýbaňlandyrylan sungat
eserleriniň sergisini synlady. Serginiň ekspozisiýasy ahalteke bedewiniň dünýä
medeni mirasynda eýeleýän möhüm ornuny açyp görkezýär. Sergi bilen tanyşlykdan
soňra, Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary
we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy.
“Equuleus” halkara
atçylyk toplumynyň esaslandyryjysy hanym Wan Szýan duşuşygy açdy we türkmen
halkynyň Milli Liderine topluma gelip görendigi üçin hoşallyk bildirip, uly
hormat bilen söz berdi.
Gahryman
Arkadagymyz, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine dostluk
sapary bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlygyny beýan edip, Hytaýa şu
gezekki saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary
we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşmaga şatdygyny aýtdy.
“Türkmen we hytaý
halklarynda bedewler bilen bagly örän köp atalar sözleri bar. Türkmen halkynyň
“Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “At basman diýen ýerine müň
basar” ýaly parasatly sözleri munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen we hytaý
halklarynyň taryhynda bedew atlara uly orun degişlidir. Muňa taryhy maglumatlar
hem doly güwä geçýär. 12 ýyl mundan ozal, özara dostlugyň nyşany hökmünde
HHR-iň Başlygy Si Szinpine ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini
bellemek isleýärin. Şu gezekki saparymyzyň dowamynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň adyndan Gadyrly atly ahalteke atyny sowgat hökmünde gowşurdyk”
diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we 12 ýyl mundan ozal sowgat berlen ahalteke
bedewiniň şol geçen döwrüň içinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da
pugtalandyrylýandygynyň özboluşly nusgasy bolandygyny nygtady.
Milli Liderimiz
hormatly Prezidentimiziň adyndan HHR-iň Başlygyna sowgat berlen ahalteke
bedewiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde, özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip,
atşynaslyk we ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada durup
geçdi.
“Taryhdan belli
bolşy ýaly, şeýle ajaýyp bedewiň kemala gelmeginde türkmen tebigatynyň,
hususan-da, dag howasynyň, çeşmeleriniň orny uly bolupdyr. Şu ýerde ýene bir
zady bellemek isleýärin. Ahalteke atlarynyň gadymy mekanynda Arkadag şäherini
bina etdik. Taryhy maglumatlara görä, Parfiýa zamanynda hytaý ilçisiniň köp
sanly türkmen atlylary tarapyndan garşylanylmagy onda uly täsir galdyrypdyr.
Şol döwür hytaý imperatoryna ajaýyp ahalteke bedewi sowgat hökmünde
iberilipdir. Bu bedewiň gözelligi ahalteke atlarynyň Hytaýda “asman atlary”
diýlip atlandyrylyp başlanmagyna getirýär. Arkadag şäherinde Halkara ahalteke
atçylyk sport toplumy ýerleşýär. Onuň golaýynda biz atşynaslar üçin döwrebap
ýaşaýyş jaýlaryny bina etdik. Arkadag şäherinde bolsa Halkara atçylyk akademiýasy
açyldy. Dünýä meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň 6
gezek çempiony boldy. Bu toparyň düzüminde 20-ä golaý çapyksuwar bolup, olar,
esasan, at üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän ussatlardyr” diýip,
Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän atçylyk akademiýasynda birnäçe
fakultetiň hereket edýändigini, bu ýokary okuw mekdebinde bilim almak isleýän
ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny we häzirki wagtda akademiýada 420 talybyň
bilim alýandygyny nygtady.
“Biz ýurdumyzda
ahalteke atlarynyň şanyna iki gezek baýramçylyk dabarasyny geçirýäris. Olaryň
biri, ýagny Türkmen bedewiniň milli baýramy öňümizdäki aýyň soňky ýekşenbesinde
geçiriler. Ahalteke bedewine bagyşlanan beýleki dabaralar — at çapyşyklary,
sergiler bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň çäklerinde guralýar. Biz
ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny
döretdik. Öz wagtynda men bu assosiasiýanyň Prezidenti boldum. Häzirki wagtda
onuň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow” diýip,
Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýurdumyzda ahalteke atlary bilen bir
hatarda, türkmen alabaýlarynyň hem ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns
berilýändigini belledi.
Gahryman
Arkadagymyz alabaýlaryň beden gurluşy, güýç-kuwwaty bilen tapawutlanýandygyny
we isleg bildirýänleriň Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna agza
bolup biljekdiklerini aýdyp, hytaý tarapyny Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan aprel aýynda
geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyrdy. “Bu
baýramçylygyň çäklerinde guraljak ylmy-amaly maslahaty, Türkmenistanyň
Garaşsyzlyk gününe gabatlap, sentýabr aýynda hem geçirip bolar. Şol maslahatyň
çäklerinde isleg bildirýänler bu assosiasiýanyň agzasy bolup bilerler. Arkadag
şäherinde myhmanlar üçin bedewlere bagyşlanan giňişleýin tanyşlyk gezelenji
guralar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisini
sentýabr aýynda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň hormatly myhmany bolmaga
çagyrdy.
“Bu biziň umumy
baýramymyzdyr. Dabaralaryň dowamynda ahalteke bedewlerine degişli meseleler ara
alnyp maslahatlaşylar” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi we bu täsin
bedewleri ösdürip ýetişdirmek we wagyz etmek ugrunda alyp barýan işleri üçin
hytaýly atşynaslara minnetdarlyk bildirdi.
Hytaý Atçylyk
assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofeng Milli Liderimize Hytaýyň ähli
atşynaslarynyň adyndan hoşallyk bildirip, bilelikde ýadygärlik surata düşmegi
haýyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra Gahryman
Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, Pekiniň “Şoudu” Halkara howa
menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan
soňra, Milli Liderimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu
ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde,
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda möhüm sahypany açyp, strategik
hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi beren waka öwrüldi. Saparyň dowamynda gazanylan
ylalaşyklar we özara düşünişmegiň ýokary derejesi iki ýurduň hem dürli ulgamlarda
özara gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassyklady. Türkmenistan
bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk iki dostlukly halkyň uzak möhletli
bähbitlerine laýyk gelip, durnukly ösüşiň wajyp şerti bolup durýar.