Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň
bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän
taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny
amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde 2025-nji ýylyň «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede
geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen,
türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramaçylyk döwlet
toparynyň nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Hazaryň ajaýyp kenarynda
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere
geldi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň wise-prezidentleri R.Bazarowa we O.Atabaýewa ýüzlenip, halkara
maslahatyň öňüsyrasynda gaznanyň şahamçasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede
geçirmek babatda maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz gaznanyň şahamçasynyň ýerleşjek
binasynyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu künjekde gök
zolaklaryň, bagy-bossanlygyň döredilmegine ähmiýet berilmelidigini belledi we
bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň Awazanyň çäklerindäki ekologik
ýagdaýyň has-da gowulanmagyna öz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.
Soňra Milli Liderimiz «Häzirki zaman jemgyýetinde
zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly
halkara maslahatyň geçiriljek ýerine geldi. Güýz paslynyň ahyrky günlerinde
Awazanyň çäginde bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşýan ajaýyp
görnüşler emele gelipdir. Halkara forumyň geçiriljek binasynyň taýýarlyk
derejesi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadançylygy Awazanyň gözelligi bilen bir
bitewi sazlaşygy emele getirýär.
Hormatly Arkadagymyz halkara çäreleriň guramaçylyk
derejesinde ýurdumyzyň ösüşleriniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň
öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Soňra binanyň içine girip, onuň
enjamlaşdyrylyşy, toplumyň otaglarynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Bu ýerde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülere
laýyk gelmegi forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde
ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
alyp barýan işlerine, ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan sarpany
şöhlelendirýän gymmatlyklar we maglumatlar görkezilmelidir.
«Giň möçberli sergide zenanlaryň jemgyýetiň ähli
ulgamlaryna işjeň gatnaşýandygy bilen baglanyşykly görkezijiler öz beýanyny
tapmalydyr. Munuň özi Diýarymyzda zenanlaryň durmuş derejesiniň yzygiderli
gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň güwäsine
öwrülmelidir» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Hazaryň kenarynda «Häzirki
zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçirilmegi we oňa gatnaşmaga
isleg bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara düzümleriň wekilçilik derejesi
ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan hormatyň dünýä giňişliginde ykrar
edilýändiginiň anyk delilidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak
halkara çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny
nygtady. Munuň özi hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny belleýän
Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de
belende galmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň
anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň häzirki döwrüň
talabyna laýyk derejedäki meýilnamasynyň düzülmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz
bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna
ünsi çekdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna amala aşyran
iş saparynyň jemini jemläp, Hökümet agzalarynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda guramaçylyk döwlet toparynyň
nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda Milli Liderimiziň günbatar sebite iş
saparynyň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz halkara çäreleri guramaçylykly
geçirmek babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny, bu
ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli
çemeleşilmelidigini nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň halkara çäreleri
guramaçylykly geçirmek boýunça oňyn tejribe toplandygyny belläp, ähli çäreleriň
guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigi babatda
maslahatlaryny berdi.