Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň
guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksadynda, Balkan welaýatyna iş
sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen bu
uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar
bilen tanyşdy.
...Ir bilen Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinden Balkan welaýatyna tarap ugrady.
Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dünýä
derejeli dynç alyş we şypahana toplumy emele geldi. Gönüden-göni Gahryman
Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan bu syýahatçylyk zolagynda
dynç alşa we şypahana ulgamyna degişli döwrebap düzümleriň toplumy halkymyza
ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň
ajaýyp kenarynda ýerleşýän “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde
BMG-niň howandarlygynda geçiriljek halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri
tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz toplumyň binalarynda
we onuň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, merkezi
girelgäniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda döredilen
enjamlaryň ornaşdyrylmalydygyny, olarda bolsa halkara maslahata degişli
nyşanlaryň göze gelüwli görnüşde ýerleşdirilmelidigini belledi. Olarda
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar öz
beýanyny tapmalydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm
wakalarynyň üstüni ýetirjek halkara forumda garaljak meseleleriň we kabul
ediljek çözgütleriň oňa gatnaşýan döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň
ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, Milli Liderimiz
maslahata gatnaşyjylaryň toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç edip
bilmekleri, oňaýly dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde
tutulmalydygyny nygtady. Şunda myhmanlaryň metbugat maglumatlary bilen
tanyşmaklary, özara söhbet etmekleri babatda hem degişli mümkinçilikler göz
öňünde tutulmalydyr. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işiniň
ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we
bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Bu künjegiň dünýä derejeli halkara
çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülmegi Awazanyň derejesini has-da belende
göterýär. Bu ýerde BMG-niň howandarlygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça maslahaty geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň,
şeýle-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň dünýä derejesindäki abraýynyň
belende galýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri
myhmanlaryň ulaglar bilen üpjünçiligine möhüm üns berilmelidigini aýdyp,
häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynda halkara çärä degişli ýazgylaryň
ýerleşdirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli
ugurlara gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde
alnyp barylýan işler baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň içine girdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan şekil
taslamalary we maslahata taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk
işleri barada maglumat berdi.
Milli Liderimiz toplumyň ähli çäginde, ilkinji
nobatda, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň
bilen baglylykda, halkara forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, onuň
dolandyryş binasynyň enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Dolandyryş
merkezinde maslahatyň guramaçylyk ýagdaýynyň ähli ugurlary gözegçilikde
saklanylmalydyr. Munuň özi halkara çäreleriň talabalaýyk guralmagynyň wajyp şertini
üpjün eder. Forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk
işleriniň anyk meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, Gahryman
Arkadagymyz bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň
ähmiýetini belledi.
Çäräniň geçirilýän ýerinde dünýäniň dürli dillerinde
degişli ýazgylar, şygarlar göze gelüwli ýagdaýda ýerleşdirilmelidir. Şeýle-de
halkara maslahata gatnaşyjylaryň forum bilen baglanyşykly isleg-arzuwlary içgin
öwrenilmelidir. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlykdan
habar berýän wideoýazgylar görkezilmelidir.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde görkezilýän şekil
taslamalary bilen tanyşdy. Onda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek
halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde toplumyň abadanlaşdyrylyş we
enjamlaşdyrylyş derejesine, onuň bölümlerinde döredilýän şertlere degişli
taslamalar, çyzgylar görkezildi. Şol bir wagtyň özünde toplumyň binalarynyň
aýratynlyklary, çäräniň çäklerinde göz öňünde tutulýan duşuşyklaryň, degişli
ugurlar boýunça bölümçelerdäki maslahatlaryň geçiriljek otaglarynyň taýýarlyk
derejesi barada maglumatlar berildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman
Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini
aýtdy. Toplumyň binalarynyň abadanlaşdyrylyşynyň, olaryň bezeg
aýratynlyklarynyň we desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi möhüm
talap hökmünde kesgitlenendir. Umuman, binalarda döredilýän mümkinçilikler
halkara forumyň derejesine we ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyk
gelmelidir. Toplumyň binalarynyň ýörite gurlan dälizler arkaly birikdirilmegi,
olaryň ugrunda bolsa türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyna, halkara maslahata
gatnaşýan ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň ýeten derejesine degişli maglumatlary
beýan edýän sergileriň guralmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrar we onuň
köpugurly häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.
Milli Liderimiz forumyň many-mazmuny barada aýratyn
belläp geçmek bilen, onuň dünýä üçin uly syýasy, ykdysady, durmuş we
ynsanperwerlik ugurlar boýunça möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi. Şunuň
bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Bitarap Türkmenistanyň
Garaşsyzlyk ýyllarynda halkara hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, BMG tarapyndan
amala aşyrylýan uzak möhletleýin, giň möçberli strategiýalara, maksatnamalara
we taslamalara saldamly goşant goşýandygyny aýratyn nygtady. Mälim bolşy ýaly,
2016-njy ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda BMG-niň Durnukly
ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. Şeýle hem 2022-nji
ýylda BMG-niň howandarlygynda ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty boldy. Şu ýylyň awgustynda bolsa
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň
geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip
çykýan wezipeleri üstünlikli amal etmegi we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek
boýunça tagallalary utgaşdyrmagy baş maksat edinýändigini görkezýär. Munuň özi
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini
alamatlandyrýar.
Soňra Milli Liderimiz toplumyň binalarynyň
enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy. BMG-niň howandarlygynda geçiriljek
forumda çykyş edýänler, terjimeçiler hem-de forumyň geçişini beýan etjek
žurnalistler üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Bu ýerde aragatnaşyk we
internet ulgamlarynyň sazlaşykly, bökdençsiz işi ýola goýulmalydyr. Bu babatda
meýletinçi-ýardamçylaryň alyp barýan işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň taýýarlan maglumatlaryny öz
ugurlary boýunça iberip bilmekleri üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde
tutulmalydyr. Şeýle hem binalarda ses-akustika meseleleri ýokary derejede
çözülmelidir. Munuň özi forumyň ähli ugurlarynyň halkara giňişlikde doly
derejede wagyz edilmegine oňyn täsirini ýetirer. Gahryman Arkadagymyz forumyň
köp ugurlary öz içine almalydygyny aýdyp, şunda hiç bir meseläniň ünsden
düşürilmezligi babatda degerli maslahatlaryny berdi.
Ýurdumyzyň halkara derejeli çäreleri geçirmekde oňyn
tejribe toplandygyny nazara almak bilen, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça halkara maslahatynyň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin
ähmiýetli çärä öwrülmegi ugrunda Türkmenistan tarapyndan ähli zerur
tagallalaryň edilmelidigini belläp, Milli Liderimiz meýilleşdirilen çäreleriň
ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de
forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklaryna bagyşlanan
wideoşekiller taýýarlanylmalydyr.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň foruma
gatnaşyjylar üçin niýetlenen naharhanasynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda
çaý başynda söhbetdeşlik geçirdi. Onuň dowamynda Milli Liderimiz halkara
maslahatyň guramaçylyk derejesi, oňa gatnaşýanlaryň özara duşuşyklara we
gepleşiklere gatnaşmaklary, forumyň maglumat giňişliginde giňden wagyz edilmegi
bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda
öz maslahatlaryny berdi.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Arkadagymyza beren
maslahatlary we öwüt-nesihatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de
öňde durýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli
tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýtdylar. Milli Liderimiz meýilleşdirilen
çäreleriň guramaçylykly geçiriljekdigine ynam bildirip, olara alyp barýan
işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.