Balkan welaýatynda iş saparynda
bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda guramaçylyk
döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Türkmenbaşy Halkara howa menziline
geldi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.
...Milli Liderimiz howa menzili
bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän söwda nokatlarynda hyzmatlaryň
ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini, myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklaryň
taýýarlanylmalydygyny belläp, öz maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga
geljek myhmanlara howa menzilinde ýokary hilli hyzmatlaryň üpjün edilmegi
boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda myhmanlaryň
Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň pasportlary resmileşdirmek hem-de gümrük
nokatlaryndan gysga wagtyň içinde geçmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek
babatda möhüm işler amala aşyrylýar.
Milli Liderimiz howa menziliniň
halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalyna geldi we pasportlary resmileşdirmek
nokadyndan geçdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gümrük geçiş
nokadyndan geçdi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz
Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gowşan täze tehnikalaryň
aýratynlyklary bilen tanyşdy. Hojalyk ugrunda ulanyljak döwrebap tehnikalar
ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha berkidilýändigini
görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tehnikalary synlap, olaryň
ulanylyşyna, abatlygyna aýratyn ünsi çekdi we bu ugurda öz maslahatlaryny
berdi.
Hormatly Arkadagymyz ýokary
tizlikli sport awtoulagynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň tekizligini,
uçarlaryň uçmagy we gonmagy üçin amatlylyk ýagdaýyny hem synagdan geçirdi.
Uçuş-gonuş zolaklarynyň durkuny
täzelemek işlerinde innowasion çemeleşmelerden, dünýäniň öňdebaryjy
tejribelerinden peýdalanylýar. Munuň özi uçarlaryň howpsuz uçuş-gonuşlarynyň
amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagyny örän ýokary tizlikde
dolandyrmak bilen, uçuş-gonuş zolagynyň meýdançasyndan geçdi we ýoluň
tekizligini, abatlygyny, hilini gözden geçirdi. Kuwwatlylyk güýji depginli bolan
sport awtoulagynyň badyny barha ýokarlandyryp, Gahryman Arkadagymyz uçuş-gonuş
zolagynyň başlangyç menzilinden ahyrky menziline tiz wagtda bardy.
Diýarymyzda sport bilen
meşgullanmak, aýratyn-da, awtoulag sportuny ösdürmek babatda giň mümkinçilikler
döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýanlaryň,
awtoulag sporty boýunça türgenleriň sany barha artýar. Olar awtomobil sporty
boýunça halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp
bolýarlar.
Milli Liderimiz sport
awtoulagynyň tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini ýerine
ýetirdi. Ýokary tizlikde barýan sport awtoulagy sürüjiden erjelligi, ugurtapyjylygy,
sowukganlylygy, tiz çözgüt kabul etmegi, umuman, ähli babatda taýýarlygy talap
edýär. Bu ugurda ussat Arkadagymyzyň göreldesi ýaşlar, esasan-da, awtoulag
sporty bilen meşgullanýan türgenler üçin özboluşly mekdepdir.
...Gahryman Arkadagymyz ýolugra
howa menziline barýan ýoluň özboluşly aýratynlyklaryny synlady. Soňra türkmen
halkynyň Milli Lideri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dabaraly
medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi hem-de bu ýerde alnyp barylýan
gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
Halkara foruma taýýarlygyň
çäklerinde bu ýerde abadanlaşdyryş we enjamlaşdyryş işleri ýokary depginde
dowam edýär. Dürli medeni çäreleriň, aýratyn-da, konsertleriň şowhunly
geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. LED ekranlar, köpöwüşginli interaktiw
suw çüwdürimleri medeni çäreleriň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy
emele getirip, olaryň şowhunyny has-da artdyrar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işlere
toplumlaýyn çemeleşmegiň, hususan-da, awtoduralgalaryň göz öňünde tutulmalydygyny
nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz milli tagamlaryň sergisine gowy
taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.