Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň adyňyzdan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň maňa ýetiren gutlaglary üçin Size tüýs
ýürekden hoşallyk bildirýärin. Rus-türkmen gatnaşyklarynyň we parlamentara
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine meniň goşýan goşandyma ýokary baha berýändigiňiz
üçin örän hoşaldyryn.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny mundan
beýläk-de pugtalandyrmagy berk ugur edinýändigiňiz baradaky garaýşyňyzy
goldaýaryn. Soňky ýyllarda aýratyn ähmiýete eýe bolýan parlamentara
hyzmatdaşlygyň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy dialogyň möhüm we
aýrylmaz bölegi bolup durýandygy hakyndaky pikiriňiz bilen doly ylalaşýaryn.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň noýabrynda Russiýa amala
aşyran sapary bu babatda uly ähmiýete eýe bolandyr diýip umyt edýärin. Siziň
parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän hemişelik we üýtgewsiz ünsüňizi
hem-de goldawyňyzy aýratyn bellemek isleýärin.
Öz tarapymdan, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň
Federasiýa Geňeşinde türkmen dostlarymyz bilen ýakyn hyzmatdaşlyga
taýýardygymyzy nygtamak isleýärin. Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly
Mälikgulyýewiç, biz köp babatda Siziň şahsy tagallalaryňyz netijesinde emele
gelen uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy maksat edinýäris.
Türkmenistanyň halkara giňişlikde gazanýan uly
üstünliklerine ýokary baha berýäris, yzygiderli ýagdaýda alnyp barylýan
hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygyň,
howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini tassyklaýarys. Pursatdan
peýdalanyp, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara
forumy ýokary derejede guramakda üstünlikleri arzuw edýärin. Onuň dünýä
gurluşynyň esas goýujy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny
durmuşa geçirmekde ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik
berjekdigine berk ynanýaryn.
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, ýola
goýlan ikitaraplaýyn hoşniýetli gatnaşyklara tüýs ýürekden guwanýaryn. Siziň
hemişe üýtgewsiz goldaw bermegiňizde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň
geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Size berk jan saglyk,
bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp
barýan döredijilikli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy
kabul ediň!