Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowa hem minnetdarlyk hatyny iberdi.
Beýan edilişi ýaly, özbek Lideri hatynda, ilki bilen,
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen türkmen halkynyň Milli Liderini ýene
bir gezek tüýs ýürekden gutlaýar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana
saparynyň dowamynda «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen
sylaglanandygy üçin aýratyn hoşallyk bildirýär we bu sylagy özbek halkyna, iki
doganlyk halkyň dostlugynyň bähbidine bilelikdäki tagallalara berlen ýokary baha
hökmünde kabul edýändigini nygtaýar.
— Forumyň çäklerinde Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul
edilendigini, şeýle hem Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasynyň
tassyklanandygyny aýratyn kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Geçirilen açyk
we netijeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň biziň dostlukly döwletlerimiziň
arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer
gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Özbegistanda
geçiriljek ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek boýunça Siziň
başlangyjyňyz bilen geçirilen aýratyn çäre biziň geljekki sammitimiziň gün
tertibini baýlaşdyrmaga we ony ýokary derejede guramaga mynasyp goşant goşar.
Merkezi Aziýa we Azerbaýjan formatyndaky dialogymyz,
şeýle hem Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky
üçtaraplaýyn duşuşyklarymyz sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge
we bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer
— diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hatynda
ýazýar.
Özbek Lideri hatynyň ahyrynda açyk we netijeli dialogyň özara hormat goýmak hem-de dostluk ruhunda yzygiderli dowam etdiriljekdigine berk ynanýandygyny belleýär.