milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
13 sagat öň 14 Habarlar

Çuňňur hormatlanylýan 

Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde doganlyk Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bolan «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyňyzyň, döwletara gatnaşyklaryň täze derejelere çykarylmagyna ýardam berýän başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup, Merkezi Aziýa döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Sebitiň ýurtlary, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen ýola goýlan özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 33 ýylynyň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, doganlyk halklaryň arasyndaky medeni-ruhy umumylyga esaslanýandygy buýsandyryjydyr.

Siziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu doganlyk döwletiň ýokary sylagy bilen sylaglanylmagyňyz iki ýurduň, şeýle hem türkmen we gazak halklarynyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, dostlugyň berkidilmegine goşýan ägirt uly goşandyňyzyň, ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň, hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy.

Belent mertebeli 

Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň, söwda, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüşe esaslanyp, oňyn ykdysady ýagdaýy emele getirmäge, sebitiň Ýewropany hem-de Aziýany birleşdirýän möhüm halka hökmünde eýeleýän ornuny hasaba almak bilen, bar bolan logistik mümkinçilikleri peýdalanmaga, sebitiň çäklerini iri energetika, syýahatçylyk merkezine öwürmäge mynasyp goşant goşýar. Bu ugurda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesi bilen bagly işler üstünlikli alnyp barylýar. Uzen — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek — Gürgen üstaşyr demir ýoly arkaly ýük daşamalary artdyrmakda hyzmatdaşlygyň geljegi uludyr. Dünýäniň energetika bazarynda möhüm orny eýeleýän iki ýurt syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Döwletara gatnaşyklaryň binýady bolan medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň gerimi ýylsaýyn giňeýär.

Türkmenistan we Gazagystan dünýä giňişliginde, iri halkara we sebit guramalarynda örän netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Gazagystan sebitiň wajyp wezipelerini çözmekde Türkmenistanyň oňyn garaýyşlaryny hem-de öňe sürýän, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän möhüm başlangyçlaryny goldaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş edýär. Siziň baştutanlygyňyzda alnyp barylýan bu dostlukly gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine, döwletlerimiziň arasyndaky mizemez dostlugy berkitmäge ýardam edýändigine we uzak möhletli geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň täze gözýetimlerini açýandygyna, sebit hem-de halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygyna berk ynanýaryn.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Sizi Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bolan «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde alyp barýan döwletli işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Goý, Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhraty dowamat-dowam bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 

Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.