Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentini Serdar Berdimuhamedowy
doglan güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Halk Maslahatynyň adyndan tüýs
ýürekden gutlady. Gahryman Arkadagymyzyň Gutlagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda agzybir halkymyzyň beýik özgertmeler ýolunda aýdyň maksatlar
bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda Garaşsyzlyk baýramyny uly zähmet
üstünlikleri bilen dabaralandyryp, nesilleriň bagtyýar geljegi üçin täze
ösüşleriň binýadyny gurýandygy öz beýanyny tapýar.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň doglan
güni mynasybetli Gutlaglar dostlukly ýurtlaryň Döwlet we Hökümet
baştutanlaryndan, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekillerinden hem gelip
gowuşýar.