Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Mejlise gatnaşyjylaryň ählisine mähirli salam bilen ýüzlenýärin!
Biz Niderlandlara, şu ajaýyp şähere halkymyzyň
hoşniýetli arzuw-umytlary bilen, ahalteke bedewleriniň watany bolan
Türkmenistanyň kalbynyň bir bölegini alyp geldik.
Men Onuň Alyhezreti Niderlandlaryň Patyşasy
Willem-Aleksandra, onuň maşgala agzalaryna hem-de olaryň üsti bilen
Niderlandlaryň ähli halkyna myhmansöýerligi we mähirli kabul edendigi üçin
mähirli salamymy, iň gowy arzuwlarymy hem-de minnetdarlygymy ýetirmek
isleýärin. Şeýle hem men jenap Premýer-ministr Rob Ýettene Türkmenistan bilen
dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýändigi üçin
minnetdarlyk bildirýärin. Häzirki mejlis we atçylyk sporty boýunça dünýä
çempionaty hem-de ahalteke bedewleriniň arasyndaky gözellik bäsleşigi munuň
aýdyň mysaly bolup durýar. Bu çärä ýokary derejede taýýarlyk görendikleri,
türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edendikleri üçin, onuň
guramaçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildirýärin.
Gadyrly dostlar!
Bu gün biziň ählimiz örän ajaýyp wakanyň şaýatlary
bolup durýarys. Birnäçe günläp Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň
bütindünýä paýtagtyna öwrüldi. Bu wakalar ahalteke atlary boýunça ähli
ussatlaryň, olary ýetişdirýänleriň, barlagçylaryň we hünärmenleriň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara bileleşikleriň üns merkezinde
boldy.
Men dünýäde bu atlara uly hormat goýýan şeýle
adamlaryň köpdügini bilýärin. Olar Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta
Amerikanyň onlarça ýurduny öz içine alýar. Olar ahalteke bedewlerini ösdürip
ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek boýunça köp sanly möhüm işleri alyp
barýarlar. Bedewleriň şöhratly taryhyny, ajaýyp başarnyklaryny ýaýmakda ýardam
berýärler.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan
biziň bütin dünýädäki dostlarymyza hem-de pikirdeşlerimize tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirýärin.
Gadyrly dostlar!
Ahalteke atlarynyň kemala gelen we şöhraty dünýä dolan
döwleti, jemgyýeti, topragy hökmünde biz egnimize düşýän uly jogapkärçilige
düşünýäris. Ahalteke aty türkmeniň kalbydyr. Halk, ýurt hökmünde taryhymyzyň,
aň-düşünjämiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolmagy
bilen, ahalteke atlarynyň arassa tohumlaryny dikeltmek we ösdürmek işinde biz,
ozaly bilen, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerine, tejribesine daýandyk.
Esasy döwlet nyşanymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ahalteke
bedewiniň şekili ýerleşdirildi. Ahalteke atlarynda ylmy-barlag işleri
geçirildi, olaryň saglygyna we ösüşine gözegçilik etmegiň ulgamy döredildi.
Ylmy taýdan esaslandyrylan seçgi işi ýola goýuldy. Munuň özi diňe bir örän
möhüm döwlet işi bolman, eýsem, öz taryhymyzyň öňündäki borjumyzdyr. Geljekki
ösüşimiz, öňe gitmegimiz we halkara hyzmatdaşlygymyz üçin berk binýadyň bir
bölegidir.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda ahalteke atçylygy
ulgamynda uly işler ýerine ýetirildi. Men şu ýerde diňe birnäçe mysallary
getireýin:
— ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk
sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Aşgabat şäherindäki Halkara ahalteke
atçylyk sport toplumy dünýä derejeli we ähmiýetli ylmy-tejribe merkezine
öwrüldi;
— atlaryň arassa ganlylygyna berk gözegçilik etmek
üçin, öňdebaryjy DNK-testlemek usuly ornaşdyryldy. Elektron maglumat binýady
döredildi;
— ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke
atçylyk assosiasiýasy öz işini yzygiderli ösdürýär. Ol dünýäniň onlarça
ýurdundan atşynaslary özünde birleşdirýär;
— ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek
däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilmegi möhüm waka boldy;
— 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti
ýurdumyzda milli baýram hökmünde bellenilýän Türkmen bedewiniň gününe bagyşlap
her ýyl «Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek hakynda»
Karara gol çekdi. Şeýle hem döredijilik işgärleriniň arasynda ahalteke
bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Ýöne
munuň özi bu ugurda edilen we edilýän işleriň hemmesi däldir. Umuman, ahalteke
atlaryny gorap saklamak we ösdürip ýetişdirmek işi Türkmenistanyň döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ahalteke atçylygy boýunça halkara hyzmatdaşlygy
giňeltmek we ösdürmek Türkmenistanyň strategiýasynyň örän möhüm, düýpli ugry
bolup durýar. Şu ýere dünýäniň onlarça döwletine wekilçilik edýän, ahalteke
atlarynyň köp sanly assosiasiýalarynyň wekilleri ýygnandy. Şoňa görä-de, muňa
giň möçberli halkara waka diýsek bolar. Bu gatnaşyklar has-da berkeýär, täze
gatnaşyklar we görnüşler bilen baýlaşýar. Ahalteke bedewleri dürli milletlerden
bolan dürli hünärdäki, dürli ýaşdaky adamlary birleşdirýär. Öňde goýlan
maksatlara tarap bilelikde gitmäge çagyrýar.
Ahalteke atlary wepalylygyň, gözelligiň, akyl-paýhasyň
we gaýduwsyzlygyň nusgasydyr. Bularyň ählisi hemme halklara ýakyn we
düşnüklidir. Türkmenistan bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňden makullaýar
we goldaýar, ahalteke bedewlerine, atly sport ýaryşlaryna bagyşlanan dürli
çäreleri geçirmäge öz goşandyny goşmaga, ýöriteleşdirilen ylmy-barlag işine
ýardam bermäge we ýakyndan gatnaşmaga-da taýýardyr. Biziň bu ýolda uly
üstünlikleri gazanandygymyzy aýtmak isleýärin. Ahalteke bedewleriniň giň
gerimli milli hem-de halkara çärelere gatnaşmagy ýokary baha mynasyp boldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda,
2026-njy ýylda Ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek gözellik we atly sport
bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk
döwlet topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklandy. Bu bolsa Türkmenistanyň
halkara işini mundan beýläk-de ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.
Şu ýylyň ýanwarynda Monte-Karloda geçirilen nobatdaky
halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk
sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de
Ýewropanyň Sirk assosiasiýasynyň halkara güwänamalarynyň gowşurylmagy ajaýyp
waka boldy. Ýylyň adyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli
sebitlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy.
«Galkynyş» toparynyň şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku
şäherindäki täsirli çykyşy hakyky dostlugyň we sungatyň baýramçylygyna öwrüldi,
ol türkmen atçylygynyň baý däplerini görkezdi. Behişdi bedewler we olaryň
çapyksuwarlary maý aýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde
geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşda hem-de «Gündogaryň merjeni» gözellik
bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. «Aziýanyň çempiony» we «Dünýä çempiony»
diýen hormatly atlara, şeýle hem beýleki baýraklara mynasyp boldular. Şol aýda
Kazanda geçirilen halkara ýaryşda hem türkmen çapyksuwarlary baýrakly orunlary,
kuboklary eýelemegi başardylar, ahalteke atlarynyň hormatyna döredilen ýörite
baýraklara mynasyp bolup, öz gaýtalanmajak ussatlygyny görkezdiler. Şeýle hem
biziň wekiliýetimiziň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen
Patyşalygynyň Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly çärelere
gatnaşandygyny bellemek gerek.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň VIII
Halkara etnosport we medeniýet festiwalyna gatnaşmagy şu ýylyň ýylýazgysyna
giren ýene-de bir şanly waka boldy. Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde
geçirilen bu çärede «Galkynyş» topary ýokary baýraklara mynasyp boldy. Bu
çäreleriň dowamynda türkmen wekiliýetiniň öz kärdeşleri bilen birnäçe möhüm
duşuşyklary geçirildi.
Biz bütin dünýäde ahalteke atçylyk assosiasiýalary
bilen gatnaşyklary tutanýerli we belli bir maksat bilen berkidýäris. Şeýlelik
bilen, 2026-njy ýylda yglan edilen döwlet şygaryny — «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny üstünliklere besleýäris.
Biz geljekde hem öňde goýlan ähli maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge
taýýardyrys. Bu ugurda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky köp sanly
dostlarynyň, hyzmatdaşlarynyň we pikirdeşleriniň, şol sanda şu mejlise
gatnaşýanlaryň goldawyny we ýardamyny duýýandygy guwandyryjydyr.
Hormatly adamlar!
2026-njy ýylda atly sport boýunça dünýä çempionaty we
ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşigi Ýewropa giňişliginde ahalteke
bedewleriniň halkara abraýyny hem-de şan-şöhratyny artdyrmakda esasy waka bolup
durýar. Ol bolsa Ýewropanyň iň abraýly atly sport merkezleriniň biri bolan
Kronenbergde geçirilýär. Sizi onuň başlanmagy we Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň häzirki açyk mejlisiniň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Halkara derejede giň we wekilçilikli düzümiň gatnaşýandygy üçin
minnetdarlyk bildirýärin. Biz muny dünýä ahalteke bedewlerini sowgat beren
Türkmenistana, halkymyzyň gadymy, baý hem-de özboluşly taryhyna we medeniýetine
goýulýan hormat hökmünde kabul edýäris.
Size berk jan saglygyny, alyp barýan asylly
işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
(Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheri)