milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
14 sagat öň 15 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dag etekleriniň ähli ajaýyplygyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Häzirki wagtda toplumda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginde dowam edýär. Onuň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar öz oňyn netijesini berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Toplumyň bagy-bossanlyga bürenmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Munuň özi bu ýerde atşynaslar üçin bolşy ýaly, ahalteke bedewleri üçin hem amatly mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň çäginde oturdyljak monitorlary, binalaryň aýnalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Binalaryň içki bezeginde bolşy ýaly, olaryň daşky görnüşlerinde, toplumyň çäginde goýulýan serişdeleriň aýratynlyklarynda-da bir bitewi sazlaşyk döredilmelidir. Toplumyň çäginiň ýylyň ähli paslynda gök öwsüp durmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu babatda maslahatlaryny berip, toplumyň çapuw meýdançasynyň tomaşaçylar üçin niýetlenen münberine bardy. Bu ýerde at çapyşyklaryna tomaşa edýänler üçin zerur şertleriň döredilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Aýratyn-da, münberiň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen otagynda döredilýän mümkinçilikler häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz münberiň ähli ýerinden at çapyşyklaryny doly derejede synlamak babatda zerur şertleriň üpjün edilmelidigini, oturgyçlaryň amatlylyk derejesiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, munuň atçylyk sporty bilen gyzyklanýan adamlar üçin döredilýän şertleriň esasy ugurlarynyň biri bolmalydygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem bu ýerde ýapyk görnüşli athana bolup, onda bedewler üçin ähli amatlyklar döredilýär. Athananyň howa çalşygyny üpjün etmek, atlary iýmlemek, suwa ýakmak ýaly işler sanly ulgam arkaly amala aşyrylar. Mundan başga-da, bu ýerde atlaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmaga niýetlenen enjam oturdylýar. Emeli aňyň mümkinçilikleri we sanly ulgam arkaly atlaryň saglyk ýagdaýyna degişli maglumatlar ýörite merkezde jemlener. Toplumyň çäginde döwrebap enjamlaşdyrylýan ýapyk maneže çäge düşelipdir. Hünärmeniň belleýşi ýaly, onuň çägesi aşakdan çyglylandyrylar. Bu bolsa çägäniň dykyzlygyny üpjün edip, atlar üçin amatlylygyň baş şertini emele getirer. Munuň özi ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak ugrunda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurluşyk we bezeg işleri boýunça häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň işjeň ulanylýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu ýerde ulanylýan tejribeleri özleşdirmek babatda birnäçe maslahatlary berdi. Bu bolsa Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda dowam etdirilmeginde ähmiýetlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.