Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk
künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Halkara onkologiýa
ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Lukman
Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen döwrebap ylmy-kliniki
merkezi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanýan ýylynda
ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň
bellenilýän gününde açmak meýilleşdirilýär.
Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki
döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak, ýokary hünärli lukmanlary
taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň
saglygynyň pugtalandyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini
görkezýär.
...Ir bilen lukman Arkadagymyz gurluşygy tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar
toplumyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we
derman senagaty ministri M.Gaýypow hem-de Halkara onkologiýa ylmy-kliniki
merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow
garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz merkeziň binalar toplumynyň daşky görnüşini,
onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesini synlap, bu ýerde gök
zolaklary döretmek bilen bagly meselelere ylmy esasda çemeleşilmelidigini
aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň
eýwanynda ýaýbaňlandyrylan taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde Halkara
ylmy-kliniki merkeziň gurluşygy we toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş
derejesi bilen tanyşlyk çäresine gatnaşýan germaniýaly dünýä belli
professor-lukmanlar Fritz Şpelsberg hem-de Sýuzanna Şpelsberg türkmen
topragynda bildirilen myhmansöýerlik, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk
derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
GFR-iň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar
toplumynyň we dostlukly ýurduň hususy lukmançylyk tejribe merkeziniň lukmanlary
şekil taslamalarynda görkezilýän enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, olaryň
onkologiýa keseliniň öňüni almak we bejermek bilen baglanyşykly mümkinçilikleri
barada maglumat berdiler.
Milli Liderimiz myhmanlar bilen söhbetdeşligiň
dowamynda ýurdumyzyň Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen saglygy
goraýyş we onkologiýa boýunça netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi.
Bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolsa saglygy goraýyş, aýratyn-da,
howply keselleriň öňüni almak we bejermek bilen baglydyr. Lukman Arkadagymyz bu
gurama bilen 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamanyň
taýýarlanylandygyna ünsi çekdi. Bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmaga, dürli pudaklarda howpsuzlyk derejesini
ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin
ygtybarly binýat bolar.
Germaniýaly lukmanlar Halkara onkologiýa ylmy-kliniki
merkeziniň bölümlerinde oturdylan enjamlaryň örän kämildigini aýratyn
nygtadylar. Umuman, merkeziň enjamlaşdyrylyş derejesi häzirki zaman talaplaryna
we ýokary görkezijilere doly laýyk gelýär. Munuň özi Türkmenistanda adamlaryň
saglygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda döwlet derejesinde
edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.
Görkezilen taslamalaryň hatarynda maslahat beriş,
funksional-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, seljeriş-intellektual, bitewi
sanly ulgam modullary, endoskopiýa, ulular üçin ambulator gematologiýa, umumy
şöhle bilen bejeriş, sagaldyş-dikeldiş, dermatologiýa ylmy-kliniki, çagalar
üçin ambulator gematologiýa, radiofarmasewtika önümçilik bölümleriniň we
beýleki ugurdaş otaglaryň, olarda oturdylan enjamlaryň şekil taslamalary,
ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bar. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman saglygy
goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirjek bu merkezde halkara ölçeglere laýyk gelýän
ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Sebitde deňi-taýy bolmadyk
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny ýola
goýmagyň ýokary derejesini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet
maksatnamasynyň kabul edilen wagtyndan bäri Türkmenistanyň ähli künjeklerinde
döwrebap saglyk merkezleriniň yzygiderli gurulýandygyny, olaryň ýokary derejede
enjamlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Şeýle-de anyklaýyş
enjamlary maglumatlaryň takyk we dürs bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi
bejerişiň hiline oňyn täsirini ýetirýär.
Gahryman Arkadagymyz köp ýyllaryň dowamynda Watanymyza
we halkymyza yhlasly hyzmat etmegiň nusgasyny görkezdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň
saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürildi.
Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň
ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe bolýar.
Şunda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Atom energiýasy boýunça halkara
agentlik hem wajyp orny eýeleýär. Bu guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň
dowamynda Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Diýarymyzda ýokanç däl we
onkologiýa keselleriniň öňüniň alynmagyna hem-de bejerilmegine gönükdirilen köp
sanly taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirildi. Bu bolsa milli saglygy
goraýyş ulgamynyň işiniň ösüşiň täze derejesine çykmagyny şertlendirdi.
Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen
hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy lukman Arkadagymyzyň onkologiýa
kesellerine garşy göreşmek ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm tapgyrlarynyň
birine öwrüldi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk
eden ýyllarynda lukmançylykda ýadro we izotop tehnologiýalaryny howpsuz esasda
ulanmak boýunça bu agentlik bilen pugta aragatnaşygy ýola goýdy. Bu babatda
Türkmenistanda degişli halkara kadalaryň we talaplaryň berjaý edilmegi gazanyldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň
çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory Rafael
Grossi bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda R.Grossi halkara agentlikde
Türkmenistanyň atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak
ýörelgelerine ygrarlylygyna ýokary baha berilýändigini belläp, ýurdumyzyň
energetika we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak ulgamynda öňdengörüjilikli
syýasatynyň, halkara başlangyçlarynyň goldanylýandygyny nygtady. Milli saglygy
goraýyş ulgamy hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu düzümiň
goldaw bermeginde ýurdumyzda keselleri anyklamagyň we bejermegiň döwrebap
usullary ornaşdyrylýar. Hususan-da, halkara bilermenleriň maslahatlary
Türkmenistanyň ugurdaş edaralarynda howply kesellere garşy göreşmek ulgamyny
kämilleşdirmäge, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.
Lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki
merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna, bu ýerde emeli aňyň mümkinçilikleriniň, sanly
tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyna zerur üns berilmelidigini aýdyp, bu işe
şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garalmalydygyna ünsi çekdi. “Merkezde
işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, onuň işine ýaş
lukmanlaryň çekilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bu ugurda
alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda,
örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu
babatda maslahatlaryny berdi.
Merkeziň ähli bölümlerine sanly tehnologiýalar,
dünýäniň ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ilata hödürlenilýän
lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu
ýerde milli lukmançylyk ulgamynda netijeli ulanylýan döwrebap usullaryň
ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly maglumatlar
gorunyň döredilmegine zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz Halkara
onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy
klinikalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrmak, onkolog lukmanlaryň
hünär kämilligini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri
taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, oňa ýaşlary işjeň çekmek meselelerine
hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady. Şunda Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň dünýäniň
abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professorlary bilen bilelikde iş alyp barmagy
wajypdyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky
gürrüňi dowam edip, merkeziň bölümlerinde ornaşdyrylan häzirki zaman
enjamlaryny netijeli ulanmak, olaryň işini emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly
tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda
dünýäniň, şol sanda Germaniýanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleri bilen
hyzmatdaşlyk has-da ösdürilmelidir. Munuň özi lukmanlaryň dünýäniň ösen
tejribesini, ylmyň gazananlaryny özleşdirmeklerine şert döreder.
Germaniýaly lukmanlar bu ýerde radioaktiw galyndylary
zyýansyzlandyrmak ulgamynyň işine ýokary baha berdiler. Merkeziň çäklerinde
radioaktiw suwuk galyndylar üçin ýörite gaplar döredilip, olarda saklanyljak
suwuk galyndylar ösen tehnologiýalar arkaly zyýansyzlandyrylar. Munuň özi bu
ýerde onkologiýa kesellerini bejeriş ulgamynyň möhüm şertleriniň ýokary
derejede ýerine ýetirilmegini şertlendirer.
Soňra lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa
ylmy-kliniki merkeziniň bölümleri bilen tanyşdy. Merkeziň anyklaýyş, bejeriş,
operasiýa, şöhle bilen bejeriş bölümleri, barlaghanalary we beýleki otaglary
häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrylypdyr. Germaniýaly
lukmanlar merkezdäki enjamlaryň köpüsiniň ilkinji gezek şu ýerde
ornaşdyrylýandygyny aýratyn bellediler. Munuň özi Türkmenistanda saglygy
goraýyş ulgamynyň işiniň häzirki zaman talaplaryna we lukmançylyk ylmynyň soňky
gazananlaryna doly laýyk gelýändiginiň, adam hakyndaky aladanyň döwlet
syýasatynda uly orun eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Enjamlaryň emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly
tehnologiýalar arkaly işleýändigi nazara alnanda, merkezde internetiň
tizliginiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi zerurdyr. Bu barada aýtmak bilen,
hormatly Arkadagymyz ähli bölümlerde sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli
internetiň bökdençsiz işiniň ýola goýulmagy babatda birnäçe maslahatlaryny
berdi. Milli Liderimiz merkeziň bölümlerinde arassaçylygyň we kadaly howa
çalşygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Munuň özi
lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesine oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem
Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş babatda baý tejribe toplan germaniýaly
lukmanlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Merkeziň enjamlaşdyrylyş derejesi, bu ýerde keselleri
anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullarynyň ýola goýulmagy milli
saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny
görkezýär. Ýurdumyzda soňky ýyllarda gurlan döwrebap saglyk edaralarynda bolşy
ýaly, bu merkezde oturdylan enjamlaryň hem iň täze nusgalardygyny nygtamak
gerek.
Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň bölümleri bilen
tanyşlygyň dowamynda olaryň arasynda bir bitewi aragatnaşygyň ýola goýulmagynyň
wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem bu ýerde sanly tehnologiýalaryň
mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr. Adamlar öýünde oturan ýerinden
gerek bolan maglumatlary alyp biler ýaly mümkinçilikler döredilmelidir. Mundan
başga-da, näsaglaryň yzyndan geljekler üçin olaryň saglyk ýagdaýy baradaky we
beýleki ugurlar boýunça maglumatlar elýeterli bolmalydyr. Bu bolsa keselleri
anyklamak, bejermek işlerinde bolşy ýaly, lukmançylyk hyzmatlary, merkeziň
mümkinçilikleri bilen baglanyşykly ähli maglumatlaryň sanly ulgam arkaly alnyp
barylmagynda ähmiýetlidir. Umuman, ýurdumyzda adamlaryň saglygy hakyndaky alada
hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen
asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň
biri bolup durýar. Bu ýörelge saglygy goraýyş merkezlerinde ilata hödürlenilýän
lukmançylyk hyzmatlarynda öz beýanyny tapýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara onkologiýa
ylmy-kliniki merkeziniň açylmagy bilen, onuň bölümleriniň talabalaýyk işiniň
ýola goýulmalydygyny, bu işleriň uzak geljegi nazarlamalydygyny aýtdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz binanyň daşyna çykyp,
merkeziň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere
hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Milli Liderimiz bu künjekde
häzirki zaman saglyk merkezleriniň emele gelendigini aýdyp, bu ýerde
lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyny dowam etdirmek babatda birnäçe
maslahatlary berdi. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde döwrebap saglyk merkezlerinden
ybarat bolan özboluşly şäherçe döredildi. Lukman Arkadagymyz bu ýerde hem
häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän saglyk
şäherçesiniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli
ýolbaşçylara bu ýerde täze saglyk şäherçesini döretmek bilen bagly meseleleri
degişli düzümler bilen bilelikde maslahatlaşyp, içgin öwrenmek we bu barada
hormatly Prezidentimize teklipleri hödürlemek boýunça maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň teklibi makullan halatynda,
“Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň bu künjeginde kämil merkezleri özünde jemleýän
saglyk şäherçesini döretmek bilen baglanyşykly işlere hemmetaraplaýyn we
oýlanyşykly esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllygynyň toýlanýan ýylynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň
hünär baýramçylygynyň belleniljek günlerinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki
merkeziniň açylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek we onuň yzysüre saglygy
goraýyş ulgamynda häzirki zaman meselelerini öz içine alýan halkara ylmy-amaly
maslahaty guramak babatda maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleri abraý
bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.