Şu gün
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow ekologik ýagdaýy, şähergurluşyk maksatnamasynyň
durmuşa geçirilişi babatda abraýly halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag
şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy
meýilleşdirilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen
tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty
geçirildi.
Milli
Liderimiz ir säher bilen “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy
binalarynyň gurluşyklarynyň dowam edýän ýerine geldi. “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bahar pasly bu künjegiň
tebigatyna gaýtalanmajak gözellik çaýýar. Köpetdagyň eteginiň özboluşly
aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän şäheriň binagärlik
keşbi bu ýerde şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny
äşgär edýär.
Hajy
Arkadagymyz metjidiň gurluşygyna, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna,
aýratyn-da, onuň çäkleriniň arassaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we
inçelik bilen çemeleşilmelidigini aýtdy. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan
işleriň “Allanyň öýi” hasaplanýan kaşaň binanyň ähmiýetine laýyk gelmegini
üpjün eder. Bu ýerde metjidiň esasy binasy bilen bir hatarda, onuň
minaralarynyň, beýleki ugurdaş desgalaryň girelgesiniň, metjidiň muzeýiniň
gurluşyk işleri batly depginde dowam edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň biri bolan metjidiň gurluşygynda ulanylýan
serişdeleriň berkligine, göze gelüwliligine zerur üns berilmelidir. Şunda amala
aşyrylýan işleriň uzak geljege gönükdirilýändigini ünsden düşürmeli däldir.
Soňra iş
maslahatynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň gurluşygynyň birinji
tapgyrynda 7 müň 368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi,
ikinji tapgyrda bolsa 4 müň 284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki
medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň
gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigi barada giňişleýin maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede
enjamlaşdyrylýar, olarda amatly ýaşamak, göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur
şertler üpjün edilýär. Jaýlaryň gurluşygy we abadanlaşdyrylyşy şäher ilatynyň
isleglerine doly gabat gelýär. Arkadag şäheriniň açylan wagtyndan bäri geçen
sanlyja ýylyň içinde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýlara göçüp
geldiler. Müňlerçe iş orunlary döredildi.
Gahryman
Arkadagymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň
hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, olara
ilatyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly
işiniň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Guraljak dabaralarda halkymyzyň bagtyýar
durmuşy, milli gymmatlyklarymyza bolan ählihalk söýgüsi, ýurdumyzyň ähli
ugurlar boýunça ýeten derejesi öz beýanyny tapmalydyr.