milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
07.06.2023 2296 Habarlar

6-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Munuň özi halkymyzyň saglygyny goramak bilen bir hatarda, ekologik ýagdaýy esasy ugur edinýän asylly maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirer. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şäherlerde we obalarda, şol sanda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň baş maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň abadançylygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň ilatyň saglygynyň goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilýändigini görkezýär.

Milli Liderimiz şu günki iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere ýene bir gezek ünsi çekip, geljekde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat maksatly desgalary gurmak we olarda ýokary derejeli önümçiligi ýola goýmak bilen bagly işleri düýpli seljerip, bu ugurda özara maslahatlaşyp, anyk çözgütlere gelinmelidigini, her bir işe oýlanyşykly çemeleşilmelidigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz degişli işleriň geçirilmeginiň netijesinde, halkara bäsleşigiň yglan edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyna aýratyn ähmiýet berdi.