milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
22.05.2023 924 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheri abadanlaşdyrmak, onuň çäklerini bagy-bossanlyga öwürmek, şäheriň durmuş düzümlerine döwrüň ösen tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine bardy we şäheri sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş boldy. Bu ýerde desgalara sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz döwrebap tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygy hem-de bu işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek babatda Aragatnaşyk müdirliginiň hünärmenlerine birnäçe maslahatlaryny berdi. Hünärmenler, öz gezeginde, bu ýerde döredilen döwrebap mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Milli Liderimiz täze — 123 belgili ulgamy bellemek hakynda karara gelendigini aýtdy we bu ulgamyň ilkinji gezek Arkadag şäherine ornaşdyrylýandygyny belledi.

123 belgili bu ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüztutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde, gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we «Tiz kömek» merkezlerine maglumat berýär hem-de bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraýar. Şeýlelikde, döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar. Bu bolsa adamlaryň rahat, oňaýly şertlerde ýaşamaklaryny şertlendirýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň degişli düzümleriniň işiniň kämilleşdirilişi barada giňişleýin maglumat berýän şekil taslamalaryny synlady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bilen bagly meselä seredildi. Şeýle-de bu ýerde polipropilenden hem-de polietilenden ýurdumyzda öndürilen lukmançylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu önümler hil taýdan we häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelmegi babatda ýokary halkara görkezijilere kybapdyr.