milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri şahyr Gözel Şagulyýewany 85 ýaş ýubileýi bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri şahyr Gözel Şagulyýewany 85 ýaş ýubileýi bilen gutlady
11.08.2025 189 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Amangözel Şagulyýewa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda belleýän 85 ýaş ýubileýi mynasybetli Gutlag hatyny iberdi.

Beýan edilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetiň, çeper söz sungatynyň döwrebap däpler esasynda yzygiderli baýlaşdyrylýandygyny, ýurtda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň, halkara giňişlikde gazanylýan üstünlikleriň, ilkinji nobatda, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň ýazýan eserlerinde giňden şöhlelendirilýändigini nygtaýar. Şeýle-de bu babatda şahyr Amangözel Şagulyýewanyň döredijiligine aýratyn ornuň degişlidigini, onuň döwrüň waspçysy hökmünde uzak ýyllaryň dowamynda baý many-mazmunly şygyrlarydyr uly göwrümli poemalary bilen gündelik metbugatda, tele-radio ýaýlymlarynda yzygiderli çykyş edip, söze sarpa goýýan türkmen halkynyň hormatyny gazanmagy başarandygyny belleýär.

«Siziň şygyrlaryňyzda Watana bolan belent söýgi, pederlerimizden gelýän milli däplere ygrarlylyk, türkmen zenanyny bezeýän ajaýyp häsiýetler, perzent terbiýesi barada çuňňur manyly pikirler bar. Bu günki gün şol şygyrlaryňyz mähriban Watanymyz hakynda iň ajaýyp aýdym bolup ýaňlanýar. Diňe ykbalyny, bütin ömrüni Watanyndan aýra saýmaýan ynsanlaryň döreden eserleri hakydalarda hemişelik galýar. Çünki Siz her bir setiriňize yhlas siňdirip ýazmak bilen birlikde, döwrüň wakalaryna bada-bat seslenmegi hem başarýarsyňyz. Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler, döwrüň wajyp wakalary Siziň şahyrana nazaryňyza ilýär. Bu bolsa ýüregi Watan diýip urýan, öz ykbalyny baglan kärine wepaly ynsanlara mahsus häsiýetdir» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlag hatynda ýazýar.

Bellenilişi ýaly, şahyryň ömrüniň kämillik we döredijiliginiň gül açýan döwri Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşlere beslenýän, bagtyýar türkmen halkynyň eşretli durmuşyň hözirini görýän döwrüne gabat geldi.

«Şeýle bagtyýar, abadan-asuda durmuşymyz ömrüni Watana, ykbalyny şygryýete bagyşlan şahyr zenan üçin hakyky ylham akabasydyr. Türkmençilikde 85 ýaş goýazylygyň, nurana pähim-paýhaslylygyň hem-de kämilligiň iň belent derejesi hasaplanýar. Siziň döwrüň sesine ses goşýan, ýurdumyzyň üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitlerimiziň waspyny ýetirýän ajaýyp eserleriňiz bilen okyjylary mundan beýläk-de begendirjekdigiňize ynanýaryn» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gutlagynda nygtaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlag hatynyň ahyrynda şahyryň janynyň sag, ömrüniň uzak, maşgalasynyň abadan bolmagyny, mundan beýläk-de galamynyň ýiti bolup, döredijilik ylhamynyň joşup durmagyny arzuw edýär.