milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
04.08.2025 177 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Dostlukly ýurduň Lideri mähirli kabul edilendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, Özbegistanyň Prezidentini gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew dünýä ähmiýetli meseleleri özünde jemleýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we Gahryman Arkadagymyz birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.