milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy
19 sagat öň 34 Habarlar

Şu gün Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen we owgan doganlyk halklarynyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistanyň we Owganystanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi sebitde üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda ýurtlarymyz energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ägirt uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu taslamalaryň Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky uzak möhletli doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, şu gün ýokarda agzalan taslamalaryň çäklerinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri bilen bagly dabaraly çäreleriň geçiriljekdigini belledi.

Şeýle giň gerimli taslamalar ýurtlary birleşdirip, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsine öwrüler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu taslamalaryň iki ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge giň şert döretjekdigine, doganlyk owgan halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine, täze iş ýerleri bilen üpjün etjekdigine berk ynam bildirdi.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistan ýaly parahatçylyk söýüjilikli goňşusynyň bolmagynyň Owganystan üçin möhüm strategik ähmiýete eýedigini belledi hem-de owgan halkyna berýän yzygiderli goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem Abdul Gani Baradar Türkmenistandan Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini belläp, munuň üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.