Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň
müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk
bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini hem-de şunda Gahryman Arkadagymyzyň
ägirt uly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ähli ugurlar
boýunça ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar.
Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri iri
türkmen bazarynda, hususan-da, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli
işleri alyp barýarlar. Işewür häzirki wagtda Türkmenistanyň himiýa senagatynyň
innowasion ösüşiň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň
bu işe goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, Birleşen
Milletler Guramasynyň ozalky Baş sekretary Pan Gi Muna, Koreýa Respublikasynyň
Milli Assambleýasynyň ozalky Başlygy Kim Çžin Pýo, şeýle hem Koreý-türkmen
parlamentara dostluk toparynyň ozalky ýolbaşçysy Li Dal Gona iki ýurduň
arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin minnetdarlyk
bildirdi hem-de olara mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş
etdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen
Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik
häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýar. Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat
özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, şunda ekologiýa ugurly
“ýaşyl” taslamalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda gowaça
çöpünden “ýaşyl” metanoly öndürmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy.
Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça ekologik taýdan arassalygy we bu
önümçilige ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda işewürlik üçin amatly
şertleriň döredilýändigini göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze
ugurlarda ösdürmek babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda netijeli
hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda täze
gurulýan desgalaryň gurluşygynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we
tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, taslamalaryň ýokary hilli, öz
wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Işewür Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly
şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan
şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de
jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Daewoo
Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy
Jong Won-juwa alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.