Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde ýurdumyzyň jana şypaly
bu künjegi tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Häzir bu ýerde köp sanly kaşaň
myhmanhanalar, kottej şäherjikleri, seýilgähler, dynç alyş we şypahana
düzümleri halkyň hyzmatynda. Gözel tebigatyň ekologik derejesi, Awaza derýasy
bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. Säher bilen
Günüň dogýan çaglarynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan üçin has-da ýakymly. Munuň özi, ýurdumyzyň
ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda-da ýokary ekologik ýagdaýy
saklamak ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Ilatyň saglygyny
berkitmek, adamlaryň ýokary derejeli dynç alşyny ýola goýmak we jemgyýetimizde
sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan
ugurlarynyň biri bolup durýar.
...Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Gahryman
Arkadagymyz keşbi düýpli özgeren we bagy-bossanlyga bürenen Awazanyň çäklerini
synlady. Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi
netijesinde, deňziň kenaryndaky tokaý zolaklarynyň çäginde saýaly baglara
beslenen seýilgähleriň sany artdy. Adamlaryň gezelenç etmekleri, amatly dynç
almaklary üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän dynç alyş zolagynyň
şertleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna hem-de ýokary halkara görkezijilere
doly kybap gelýär. Munuň özi ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek,
milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy, onuň ösümlik
we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, biodürlüligi baýlaşdyrmak ugrunda giň
möçberli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Soňra Milli Liderimiz Kongresler merkeziniň ýanyna
gelip, binanyň daş keşbini synlady, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş
derejesi bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz binanyň içine girdi. Köp gatly
bu merkeziň daş keşbinde bolşy ýaly, onuň içki bezeg işlerinde-de milli
binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşýar. Altyn
öwüşginli nagyşlary bolan bina kaşaňlygy, özboluşly binagärlik aýratynlygy
bilen tapawutlanýar. Merkez halkara derejeli çäreleri, maslahatlary,
ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmäge niýetlenendir. Onuň uly we kiçi zallary
bolup, olar häzirki zaman tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylan. Bu bolsa
merkezde onlaýn görnüşdäki maslahatlary guramaga-da mümkinçilik berýär.
Halkara forumyň geçiriljek günlerinde bu merkeziň
binasynda hem birnäçe ähmiýetli çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Çünki
toplumda dürli derejedäki halkara çäreleri guramak üçin ähli zerur
mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyz ýokary derejede geçiriljek
duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň,
gazanyljak ylalaşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyny,
şoňa görä, binalaryň taýýarlyk derejesine zerur üns bermegiň wajypdygyny
belledi. Bu ýerde döredilýän şertler merkeziň işewürlik we syýasy işjeňlik
ýagdaýyna laýyk gelmelidir. Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurtly wekilleriň
ýokary derejede işläp bilmekleri babatda zerur tagallalary etmek boýunça
birnäçe maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleri
ýokary derejede geçirmek üçin sazlaşykly işler ýola goýulmalydyr. Şunda dünýä
ülňüleri esasy ugur edinilmelidir.
Öňde boljak çäreleriň ýurdumyzyň taryhyna täze, möhüm
sahypany ýazjakdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz halkara forumyň guramaçylykly
geçirilmeginiň ýurdumyzda tutumly işleriň üstünlikli amal bolýandygynyň aýdyň
nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şunda Kongresler merkezinde döredilýän
şertler bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna, yşyklandyryş
ulgamynyň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidir. Iň esasysy bolsa, bu ýerde
guralýan halkara çäreleriň giňden beýan edilmegine hemmetaraplaýyn
çemeleşilmelidir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny
berdi.
Bu binanyň häzirki zamanyň iň täzeçil tehnologiýalary
esasynda enjamlaşdyrylandygy, olarda gepleşikleri we duşuşyklary geçirmek,
wakalary giňden beýan etmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilendigi barada
jikme-jik maglumatlar berildi. Gahryman Arkadagymyz binanyň bölümleriniň
ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmeginiň, olaryň sazlaşykly işiniň ýola
goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli maslahatlaryny beýan
etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gämä münüp, deňziň çägi
boýunça ýüzüşi amala aşyrdy. Ýüzüşiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz deňziň
kenarynda ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagy öz çägini yzygiderli giňeldýär. Şunda medeni-durmuş
maksatly binalaryň abatlaýyş işleri batly depginde dowam edýär. Kenar ýakalarynda
ýaýbaňlandyrylan işler syýahatçylyk zolagynyň dünýä derejeli ähmiýetini has-da
belende göterýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda sagdynlyk, raýdaşlyk,
dostluk we ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklary barha rowaçlanýar.
Munuň özi parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Bitarap
Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrýar. Deňziň kenarynda
alnyp barylýan ideg we abatlaýyş işleri bu künjegiň gözellik derejesine we
ekologik ýagdaýyna öz täsirini ýetirýär.
Hazaryň kenarynda ýylyň ähli paslynda dynç almak we
saglygyňy berkitmek üçin zerur bolan amatly şertler üpjün edildi. Aýratyn-da,
tomusky dynç alyş möwsüminde bu ýere gelýänleriň sany yzygiderli artýar. Şol
bir wagtyň özünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy maşgala bolup dynç almagy
halaýanlaryň söýgüli künjegine öwrüldi. Bu ýerde wagtyny şadyýan we gyzykly
geçirýän çagalaryň şatlyk-şowhuny belende göterilýär. Olar bagtyýar zamananyň
eşretleriniň hözirini görüp, özleriniň ýokary derejede dynç almagy ugrunda
döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
alkyşlaryny aýdýarlar.
Awazanyň çäginde her ýylda dürli ugurlar boýunça
birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Munuň özi Hazaryň
ajaýyp kenarynda döredilen zolagyň dünýäde giňden ykrar edilen merkez hökmünde
eýeleýän derejesini tassyklaýar. Şeýle hem Hazar deňzine, şol sanda «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagyna Merkezi Aziýa sebitinde halkara gatnaşyklary
pugtalandyrmakda möhüm orun degişlidir. Bu zolagyň ykdysady, medeni we syýasy
mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde ähli zerur
tagallalar edilýär. Bu bolsa Awazanyň halkara ähmiýetli merkez hökmündäki
ornuny pugtalandyrýar.
Gahryman Arkadagymyz, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde
bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk we
abatlaýyş işleriniň hem depginlerini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, dynç
alyş zolagynyň çägini giňeltmek, abatlaýyş işlerini çaltlandyrmak babatda öz
degerli maslahatlaryny berdi. Zolagyň binalarynyň bezeg aýratynlyklaryna, onuň
yşyklandyryş ulgamyna we bu künjegiň ekologik ýagdaýyna-da möhüm ähmiýet
berilmelidir.
Soňra Gahryman Arkadagymyz halkara maslahatyň
çäklerinde medeni-ynsanperwer çäreleriň ýaýbaňlandyryljak ýerine geldi. Bu
ýerde Milli Liderimiziň garamagyna Awazanyň medeni çäreleri geçirmek üçin
niýetlenen merkeziniň abatlaýyş işlerine degişli şekil taslamalary we
desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Görkezilýän taslamalaryň
hatarynda teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň ýerleşdiriljek
ýerleriniň çyzgylary, çaýhananyň, oýun-güýmenje meýdançalarynyň taslamalary, bu
ýerde we suw çüwdürimleriniň howdanlarynda oturdyljak mermerleriň,
oturgyçlaryň, yşyklandyryş ulgamynyň, merkeziň çäginiň germewleriniň
görnüşleri, çykyş etmäge niýetlenen sahnanyň abadanlaşdyrylyşy ýaly taslamalar
bar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar
bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini
girizdi. Bellenilişi ýaly, deňziň kenarynda geçiriljek halkara forumyň medeni
maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şeýle hem
iri maslahatyň hormatyna özboluşly dostluk festiwalynyň guraljakdygy, oňa
Merkezi Aziýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmaga uly gyzyklanma
bildirýändikleri barada aýdyldy. Munuň özi ýurdumyzda guralýan halkara
çäreleriň tutuş dünýä derejesinde ähmiýetlidiginiň beýanydyr. Bu ýerde
ýaýbaňlandyrylan abatlaýyş işlerinde ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň
hil hem-de göze gelüwlilik babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk
gelmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işlerde häzirki zamanyň ösen
tejribesine, milli binagärlik ýörelgeleriniň ýokary derejesine
esaslanylmalydygyna ünsi çekdi. Şunda ýerine ýetirilýän işler uzak geljegi
nazarlaýan binagärlik çözgütlerine öwrülmelidir. Olarda berklik, oňaýlylyk we
owadanlyk sazlaşykly utgaşmalydyr. Aýratyn-da, dünýäniň dürli ýurtlarynyň
sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda guraljak aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzda
parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilýän tagallalar öz
beýanyny tapmalydyr. Şonuň ýaly-da, dynç alyş zolagynyň aýdym-saz sahnasynyň
bezegi, onuň yşyklandyryş ulgamy we bu töweregiň ekologik derejesi bir bitewi
sazlaşygy emele getirmelidir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm
wakalarynyň üstüni ýetirjek halkara forum ýatda galyjy wakalara, täsirli
pursatlara beslenmelidir. Onuň köpöwüşginli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň
Bitaraplyk strategiýasyna kybap gelýän milli ýörelgeleriniň rowaçlyklara
beslenýändigini görkezer diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda
degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.
Hormatly Arkadagymyz Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny
geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak
arkaly Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny
has-da berkitjekdigini belledi. Bu çäreler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüler. Bu bolsa Watanymyzyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň
many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirer.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Awazanyň gözel
künjeginde ýerleşýän käbir myhmanhanalaryň taýýarlyk derejesi we olarda
döredilen şertler bilen tanyşdy. Kaşaň binada häzirki zamanyň ösen tejribesi
bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşygyny duýmak bolýar. Bu ýerde
adamlara dynç alşyň ýokary derejeli hyzmatlary hödürlenilýär. Milli Liderimiz
öňde boljak halkara foruma gatnaşýan myhmanlar üçin niýetlenen otaglar bilen
tanyşdy. Olarda ýokary derejeli ýaşaýyş we oňaýly dynç alyş üçin ähli zerur
şertler döredilipdir. Bu ýerde boljak myhmanlaryň türkmen halkynyň milli
däpleri esasynda garşylanylmalydygyny, olar üçin ýokary derejeli şertleriň
döredilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjylaryň türkmen
myhmansöýerligini duýmaklary babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi
çekdi.
Myhmanhanalaryň otaglarynda hyzmatlaryň ýokary
derejesi ýola goýulmalydyr. Olar özlerini rahat we arkaýyn duýmalydyrlar. Munuň
özi türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine, ýurdumyzyň Bitaraplyk
derejesine kybap gelýän şertleriň üpjün edilmelidigini aňladýar. Bu ugurda hiç
bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, Milli Liderimiz myhmanhananyň
gapysyndan ätlän her bir adamyň bu ýerde bolan günleriniň ýakymly pursatlara
beslenmegi ugrunda yzygiderli alada edilmelidigini nygtady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz myhmanhananyň daşyna çykyp,
binanyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygyny, gök zolaklara
ideg işleriniň ýola goýulmalydygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Awazanyň
çäklerinde bar bolan myhmanhanalaryň taýýarlyk derejesi bilen baglanyşykly
tanyşlygyny dowam etdi. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça forumyna gatnaşyjylaryň bir böleginiň ýaşajak myhmanhanalarynda ýokary
derejeli şertler üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde binalaryň enjamlaşdyrylyşyna,
olarda döredilýän şertleriň amatlylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman
Arkadagymyz myhmanlaryň bu ýerde ýaşan wagtynda oňaýly dynç almaklary, gezelenç
etmekleri we deňiz gözelligini synlap bilmekleri üçin ähli zerur
mümkinçilikleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda halkara foruma çenli az
wagtyň galandygyny nazara alyp, ýerine ýetirilýän işleriň depginini
ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz ähli gurluşyk we abatlaýyş işleriniň
ýokary hil derejesinde, kesgitlenen möhletlerde berjaý edilmeginiň möhüm talap
bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra degişli
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň işjeň
gatnaşmagynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary
boýunça pikir alyşmalaryň guralmagy maksadalaýyk bolar. Çünki meýilleşdirilen
işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi maslahatyň guramaçylyk
derejesine öz täsirini ýetirer. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde öňde boljak halkara forumyň taryhy ähmiýeti barada makalalaryň, tele
we radio gepleşikleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilmelidir. Forumyň
geçişi barada ýurdumyzyň internet saýtlary, elektron neşirleri,
teleradioýaýlymlar yzygiderli seslenmelidir. Munuň özi forumda garaljak
meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň ähmiýetini dünýä ýaýmakda wajyp
ähmiýete eýe bolar.
Iş maslahatyna gatnaşyjylar halkara forumy häzirki
zaman tejribelerine laýyklykda, guramaçylykly geçirmek babatda öz
maslahatlaryny berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler we
öňde durýan wezipeleriň abraý bilen berjaý edilmegi ugrunda ähli zerur
tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Milli Liderimiz hemmelere jogapkärli işlerinde
üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.