milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
1 gün öň 24 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

...Ir bilen häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelende, Gahryman Arkadagymyza ikinji tapgyryň möhüm desgasy bolan lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy maksat edinýän bu gezekki duşuşyga-da ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery» we Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.», «Korea Meditech Co. Ltd.» ýaly kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, önümçilik kärhanalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşýan “Garagum” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky we Koreýa Respublikasyndaky ilçileri gatnaşdylar. Bu ýerde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda ulanylýan ýerli çig mallaryň we olardan alynýan önümleriň hiline, ekologik derejesine berlen laýyklyk güwänamalarynyň görnüşleri, himiýa senagatyna degişli önümleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň barlaglaryna degişli güwänamalar görkezildi. Aýratyn-da, klasteriň ISO standartlaryna laýyk gelýän güwänamalaryna möhüm orun berildi.

Milli Liderimiz geljekde lukmançylykda ulanyljak serişdeleri öndürmekden başlap, olary sarp etmäge çenli alnyp baryljak işlerde arassa, ekologik talaplara laýyk gelýän ýerli çig mallaryň ulanylmalydygyna, ondan alynjak önümiň ýokary hilli bolmalydygyna, içerki bazarlarymyzy doly üpjün etmelidigine we galan böleginiň eksporta gönükdirilmelidigine ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ulanylýan serişdeleriň hilini we berkligini aýratyn gözegçilikde saklamalydygyny belledi. Şunda gurluşyklaryň depgininiň ýokarlandyrylmagyna, işleriň häzirki zaman talaplaryna we dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Halk Maslahatynyň Başlygy şu gün täze şäherde hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň gurluşygyna badalga berilmegine bir ýyl bolýandygyny aýtdy. Munuň özi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şunda ýerli çig mallaryň esasynda ýola goýulýan önümçilikleriň halkara görkezijilere gabat gelmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň desgalarynda önümçiligi meýilleşdirilýän dürli görnüşli harytlary öndürmekde ulanylýan ýerli çig mallaryň ISO standartlaryna alnan laýyklyk güwänamalary we olaryň hil derejesi barada giňişleýin maglumat berdi. Milli Liderimiz degişli komitetiň bu ugurdaky işleriň göwnejaý alnyp barylmagyny hemişe gözegçilikde saklamalydygyny, her bir öndürilýän we öndüriljek önümiň hil barlagyny geçmelidigini, döwrebap enjamlaryň işleýiş ukybyny seljermelidigini aýtdy.

Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Gyýanlydaky polimer zawodynyň ýolbaşçylary degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, önümçilik kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli çig mal serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça edilýän tagallalar barada maglumat berdiler. Milli Liderimiz senagat toplumlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, önümleriň hilinden başlap, onuň mukdarynyň, esasan-da, görnüşleriniň artdyrylmalydygyny aýratyn nygtady.

Bu ýerde Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalaryny enjamlaşdyrmak wezipesiniň ynanylandygy we döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, ähli meýilleşdirilen işler ýokary hil derejesinde, kesgitlenen möhletlerde berjaý ediler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, oňa yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmelidigini belläp, işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilip, görkezilen möhletinde tamamlanylmalydygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde öndürilýän önümleriň saglygy goraýyş ulgamynda işjeň peýdalanylýandygyny, olaryň ekologik taýdan arassadygyny nygtady. Şunda kärhanalarda ornaşdyryljak enjamlaryň önümçilik derejesiniň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi hökmany talap hökmünde kesgitlenendir.

Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda oturdyljak enjamlaryň yzygiderli getirilmegi ugrunda zerur tagalla edýändikleri barada aýdyldy. Enjamlaryň hil derejesine, öndürijilik ukybyna degişli gözegçilik ýola goýuldy. Şeýle hem kompaniýalaryň ýolbaşçylary bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlaryň hiliniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini aýdyp, olaryň önümçiliginiň sazlaşykly alnyp baryljakdygyna ynandyrdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri lukmançylyk klasteriniň ynsan saglygy üçin ähmiýetli, dünýäniň saglygy goraýyş edaralary üçin zerur hasaplanýan serişdeleriniň hil derejesiniň ýokary bolmagynda möhüm orny eýelejek enjamlaryň bökdençsiz getirilmegi bilen bagly meseleleriň gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Nygtalyşy ýaly, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleri, hususan-da, lukmançylyk lybaslary, sargylar, erginler, derman serişdeleri we beýleki önümler ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary üçin zerur bolup durýar. Olar ilatyň saglygyny goramakda uly mümkinçiliklere eýedir. Şeýle-de bu önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary, hormatly Prezidentimiziň ýardamy bilen geljekde bu önümleriň möçberidir görnüşleri has-da artdyrylar. Häzirki döwürde bu harytlary halkara bazarlarda “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy bilen görmek örän guwandyryjydyr.

Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan gurluşyk işlerini çaltlandyrmagyň, Arkadag şäheriniň senagat taýdan sazlaşykly ösüşini ýola goýmagyň möhüm talap bolup durýandygyny, bu işlerde ýolbaşçylara uly ynam bildirilýändigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Ýaponiýadaky we Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi baradaky meselä çekip, kompaniýalaryň Diýarymyzda alyp barýan işlerini utgaşdyryp, bu ugurda zerur çäreleri görmek babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherdäki umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz bu çözgüdi oňlap, ýöriteleşdirilen mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň özleşdirilmegi möhüm wezipedir. Hormatly Arkadagymyz bu mekdebiň ýaşlary bakalawr, magistratura ýaly ugurlara gönükdirmäge ýöriteleşdirilen bilim ojagy bolmalydygyny nygtady. «Ony tamamlan okuwçylar öz islän hünäriniň eýesi bolmakda uly mümkinçiliklere eýe bolarlar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer. Şu maksat bilen, mekdebiň binasynyň ösen talaplara laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir» diýip, alym Arkadagymyz belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary täze ýyl bilen gutlap, hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.