Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri
bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag
şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip
edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek
dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman
Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň nusgalyk şäheri
derejesine eýe bolan Arkadag şäherine geldi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, täze şäherde ählihalk
bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy her ýylda geçirilmegi asylly däbe
öwrülen we ýurdumyzyň ekologik derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda möhüm
ähmiýeti bolan ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşygyň üpjün edilmelidigine
ünsi çekdi. Şunda bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, yssy we
sowuk howalara çydamly, elmydama ýaşyl öwüsýän bag nahallarynyň seçilip
alynmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň
häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyna
görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ýurdumyzyň ussat bagbanlarynyň ösdürip
ýetişdiren türkmen arçasynyň nahallarynyň şu gezekki bag ekmek möwsüminde
köpçülikleýin ekilmegini teklip edýändikleri barada hasabat berdiler.
Alym Arkadagymyz ilkinji gezek Arkadag şäherinde ekilmegi
teklip edilýän türkmen arçasynyň ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdylmagyny makullap,
bag nahallary ekilenden soňra, olara agrotehniki kadalara laýyk gelýän ideg
işleriniň yzygiderli ýola goýulmagy babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we
degerli maslahatlaryny berdi.
Türkmen arçasy häzirki wagtda Ahal welaýatynda
köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Welaýatda zähmet çekýän telekeçi
bagbanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary netijesinde ýer
böleklerini alyp, ylmy işleri alyp barmak bilen, türkmen arçasynyň dürli
görnüşlerini döredendiklerini, bu baglaryň welaýatyň etraplarynda ekilýändigini
uly buýsanç bilen belleýärler.
Soňra lukman Arkadagymyz täze şäheriň lukmançylyk
klasterine degişli desgalaryň gurluşyklaryny synlady. Önümçilik toplumynyň
binalarynda alnyp barylýan işleriň, önümçilikde ulanylýan çig mallaryň ýokary
hilli bolmagy, önümçilik galyndylarynyň talabalaýyk gaýtadan işlenilmegi möhüm
talap bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde önümçilikleriň ýerli ilatyň
ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyna täsirini ýetirmezden alnyp barylmalydygyna möhüm
ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäherinde häzirki wagtda
gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalaryň gurluşyk ýerine tarap
ugrady.
Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyryň gurluşygynyň batly
depginde alnyp barylýan ýerine gelip, bu ýerde şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň Polisiýa
müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki
ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň binalarynyň, Arkadag
şäherinde gurulýan muzeýiň içki bezeg işleriniň, onuň sergi bölümleriniň
ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.
Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap,
olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gahryman
Arkadagymyz durmuş we önümçilik maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary
derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň
Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň
tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň teklip edilýän
binalarynyň şekil taslamalaryny synlady. Binalarda işleri sazlaşykly alyp
barmak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir we toplumyň ýokary derejede
enjamlaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir. Munuň özi awtoulaglara edilýän
hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün eder.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň muzeýiniň
içki bezeg işlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli
düzedişleri girizdi. Muzeýiň enjamlaşdyrylyşy, onda ýola goýuljak hyzmatlar bu
ýere gelýänlerde oňyn täsirleri galdyrmalydyr. Umuman, täze şäheriň çäklerinde
alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we
gurluşyklaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna hemmetaraplaýyn ähmiýet
berilmelidir.
Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze binalaryň we
desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk
maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, Gahryman
Arkadagymyz bu ýerde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanmalydygyny aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy
D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça
durmuş maksatly, ýol-ulag düzümine degişli desgalarda we beýleki ugurlarda
ulanylýan, halkara derejede ykrar edilen reňkleriň görnüşleri, olary ulanmagyň
aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara derejede
ykrar edilen reňkleri synlap, olaryň degişli ugurlarda ulanylmagy teklip
edilýän görnüşlerini seljermegiň ähmiýetlidigini belledi. Soňra reňkleriň
saýlanyp alnan görnüşleri hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlener.
Olaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tassyklanmagy bilen, her ugra
mahsus görnüşleri işjeň ulanylar.
Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip,
ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň bezegleriniň, ýolýakalardaky germewleriň,
yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de
harby we hukuk goraýjy edaralaryň binalarynyň hersiniň mahsus reňkler bilen
bezelmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, saýlanyp alnan reňkler
ýagyş-ýagmyra, Gün şöhlesiniň täsirine çydamly bolmalydyr. Olaryň uzak
möhletleýin kadalara laýyk gelmegi möhüm talap bolup durýar.
Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy
D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk
işleri, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyndaky depginli
işler barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde
meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we
desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhüm wezipe hökmünde
kesgitlenendigini belledi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda Serhetabat —
Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin
Owganystanda saparda bolan mahalynda owgan doganlarymyzyň — ýertitreme zerarly
jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen
ýüzlenendiklerini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu babatda
teklipleriň taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz teklipleri döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, bu meselede Arkadagly Gahryman Serdarymyz
bilen maslahatlaşyp, «Kyýamat güni goňşudan» diýlişi ýaly, owgan halkyna
dostluk goluny uzatsak, hemaýatlarymyzy bersek maksadalaýyk bolar diýdi.
Gahryman Arkadagymyz şeýle edilse türkmen halkyna mahsus
ynsanperwerlik ýörelgeleriniň we haýyrly işleriň goňşy halka goldaw bermekde öz
beýanyny tapjakdygyna ünsi çekdi. Türkmen halky taryhyň dowamynda dünýä
nusgalyk ýagşy dessurlary döredipdirler, olaryň häzirki döwürde dowam etmegi
bolsa sogap işleriň dowamata atarylýandygyny görkezýär.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki
döwürde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berip, bu çäräni ýokary derejede geçirmäge döredip berýän şertleri üçin
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle
hem ol öňde boljak çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda edilýän işler barada
habar berdi.
Ählihalk bag ekmek dabarasy ýaly sogap işiň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, oňa uludan-kiçä ähli ilatyň işjeň
gatnaşmagy dabaranyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Şol bir
wagtyň özünde, bu künjegiň howa gurşawynyň ýakymly bolmagynda, ekologik
ýagdaýynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan
köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine hemmetaraplaýyn esasda
çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara
özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen iş maslahatynyň
dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde köpçülikleýin gurluşyk işleri bilen bir
hatarda, türkmen halkyna mahsus asylly işleriň ýokary derejede alnyp
barylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda bina edilýän desgalaryň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, şäheriň ähli çäkleriniň, ýollarynyň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi babatda degerli maslahatlaryny berdi.