Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň
ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny
amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler,
gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat
bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler batly depginde dowam
etdirilýär. Bu tapgyrda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň
gurluşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan
Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag
şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ikinji tapgyrda alnyp barylýan işler, Gahryman
Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alyp, ýaşaýyş jaýlary üçin
niýetlenen mebeller, olaryň bezeg aýratynlyklary barada maglumat berdiler.
Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň bezeg işlerine degişli
serişdeler görkezildi.
Hajy
Arkadagymyz metjidiň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen
tanyşdy. Milli Liderimiz metjidiň ähmiýetini nazara almak bilen, onuň bezeg
serişdeleriniň talabalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, binanyň
daşky we içki bezeg işleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň degişli talaplara laýyk
gelmelidigini belledi.
Türkmenistanyň
at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň çäklerinde gurulýan
ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşdiriljek mebelleriň, aşhana otaglarynyň enjamlarynyň
hiline, berkligine we uzak möhletleýinligine zerur üns bermek babatda
maslahatlaryny berdi. Mebelleriň, otag enjamlarynyň maşgala agzalarynyň hemmesi
üçin niýetlenendigini nazara alyp, olaryň amatlylygyna, berkligine aýratyn
ähmiýet berilmelidir. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag
şäheriniň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, ýokary ekologik derejesi,
ýaşaýyş jaýlarynyň suw arassalaýjy serişdeler bilen üpjünçiligi, yşyklandyryş
ulgamy halkymyzyň durmuşyna mahsus derejede bolmalydyr. Bu bolsa şäher ilatynyň
durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn
çözgüdiniň baş şertini emele getirýär.
Gahryman
Arkadagymyz ýol ýakalarynda oturdyljak germewleriň kada laýyk bolmalydygyna
ünsi çekip, olaryň sürüjiler üçin howpsuzlyk talaplaryna görä oturdylmalydygyny
nygtady. Şeýle hem Milli Liderimiz şäheriň çäklerinde we ýol ýakalarynda
oturdyljak bag nahallaryny synlady, nahallaryň ýurdumyzyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelmelidigini, şäheriň ähli künjekleriniň gür baglyga, ýaşyl
bagy-bossanlyga öwrülmelidigini aýdyp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Munuň özi şäheriň ýol ýakalarynda, meýdançalarynda, binalaryň aralarynda
ekilýän baglaryň hemişe gök öwsüp durmagyna, bu künjegiň ekologik ýagdaýyna
oňyn täsir eder.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda
ýerleşdiriljek serişdeleriň, şäheriň edara binalarynyň enjamlarynyň görnüşleri,
bezeg serişdeleri, “Polatly” binasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işlere degişli şekil taslamalary görkezildi.
Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalary bilen içgin
tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Şunda durmuş, önümçilik maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, olaryň ýanaşyk
ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir.
Şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň bezegleriniň, ýol ýakalaryndaky
germewleriň, yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň we beýleki binalaryň
hersiniň özüne mahsus bezeg serişdeleri bilen üpjün edilmelidigine üns çekildi.
Saýlanyp alnan bezeg serişdeleri ýagyş-ýagmyra, Gün şöhlesiniň täsirine çydamly
bolmalydyr. Olaryň uzak möhletleýin kadalara laýyk gelmegi möhüm talapdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri edara binalarynyň
mejlisler jaýlarynyň, iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary halkara
görkezijilere doly laýyk gelmelidigini, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly
işiniň ýola goýulmalydygyny belledi we iş orunlarynyň amatlylyk derejesiniň
üpjün edilmelidigini aýdyp, bu babatda degerli maslahatlaryny berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli
ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Lukmançylyk klasteriniň
binalarynyň, täze seýilgähiň gurluşygy batly depginde dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň lukmançylyk klasterine
degişli binalaryň, şol sanda beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil
derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň
möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Arkadag şäheriniň çäklerinde
guruljak täze binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman
şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp,
Milli Liderimiz bu ýerde ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi babatda
maslahatlaryny berdi.
G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde alnyp
barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, öňde boljak şanly seneleri
mynasyp dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, Halkara zenanlar
güni mynasybetli köp çagaly eneleri hormatlamak we baýramçylygyň hormatyna
maşgalalary täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan
çäreler barada maglumat berdi. Ol şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň häkimliginiň
haýyşy boýunça bu senäni ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly
birnäçe teklipler bilen Gahryman Arkadagymyza ýüzlendi.
Milli Liderimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli
meýilleşdirilen çäreleriň, ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek
dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady.
Gahryman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen
dabarany geçirmegi makullap, onuň anyk meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny
belledi we bu işe ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň işjeň
çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Dabaralaryň guraljak ýerini
kesgitlemek, onuň medeni maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn
esasda çemeleşilmelidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy alyp barýan
işlerinde we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde degişli ýolbaşçylara
üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Soňra ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Gahryman
Arkadagymyz Ahalteke atçylyk toplumynda behişdi bedewler bilen didarlaşdy we
Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi. Munuň özi ynsanyň hem bedewiň
birek-birek bilen baglanyşygynyň çuňňurdygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Häzirki
döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli
özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli
durmuşa geçirilmegi esasynda ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy
barha belende göterilýär. Türkmen bedewleriniň taryhyna, ahalteke atlarynyň
özboluşly aýratynlyklaryna bagyşlanan birnäçe eserleri döreden Milli
Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap atçylyk
sport toplumlary guruldy. Atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine
döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bedewleriň asyl mekany bolan
Türkmenistanda bu ugra degişli alnyp barylýan işler, atçylyk pudagynda halkara
hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy. Halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän
merkezi hökmünde ykrar edilen Watanymyzda atçylyk pudagynyň derwaýys
meselelerini öz içine alýan maslahatlar, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik
bäsleşigi geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 13-nji fewralda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly
diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň
meýilnamasyny tassyklady.
...Aty
seýislemek we çapmak boýunça baý tejribe toplan Gahryman Arkadagymyz bedewi
gorgunyna goýberdi. Bu ajaýyp pursatda ösüşleriň belentliklerini nazarlaýan
ýurdumyzyň okgunly gadamlary öz beýanyny tapýar. Şu günler gözel künjekde ynsan
ruhuna ýakymly täsir edýän howa gurşawy emele geldi. Dag etekleriniň salkyn
howasy, bu ýerleriň özboluşly tebigy aýratynlyklarynyň sazlaşygy göwün göteriji
duýgulary döredýär.
Milli Liderimiz Hanbeg atly bedew bilen gezelenji tamamlap, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda atçylyk pudagy boýunça birnäçe halkara çäreleriň meýilleşdirilendigini aýdyp, olaryň guramaçylykly geçirilmegine, çärelerde behişdi bedewlerimiziň dünýädäki abraýynyň öz beýanyny tapmagyna, bu işlere degişli ugur boýunça bilim alýan talyplaryň işjeň çekilmegine zerur üns berilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.