Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag
şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
...Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde
ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna geldi. Bu
ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde
gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň hem-de
wise-prezidenti R.Bazarowyň, hukukçy M.Hojamberdiýewanyň we beýlekileriň
gatnaşmagynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Türkmen halkynyň Milli
Lideri mejlisde gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine
garaljakdygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz gazna tarapyndan geçen döwürde
alnyp barlan işler, onuň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar, amala aşyrylan
bejeriş işleri, bu düzümiň halkara hyzmatdaşlygy, gaznanyň goşmaçalar girizilen
Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek
hakynda Kararlaryň taslamalary, onuň serişdeleriniň sarp edilişi ýaly
meseleleriň mejlisiň gün tertibiniň esasynda durýandygyny belledi. Türkmen
halkynyň Milli Lideri mejlisiň gün tertibini yglan edip, gazna tarapyndan geçen
döwürde alnyp barlan işler, onuň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar barada
çykyş etmek üçin gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory —
wise-prezidenti R.Bazarowa söz berdi.
R.Bazarow täze taryhy döwürde ýurdumyzda
ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgeleriň rowaçlanýandygyny
belläp, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde
çagalaryň sagdyn, sazlaşykly ösmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini
aýtdy. Ol gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alnyp barylýan işleriň ýyl-ýyldan
giň gerime eýe bolýandygyny, hasabat döwründe-de köp sanly sahawatly işleriň
amala aşyrylandygyny nygtady. Bu bolsa saglygyny dikeltmäge mätäç çagalaryň
doly derejeli sagdyn bolmaklary ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň
aýdyň netijesidir.
R.Bazarow gaznanyň işine häzirki zamanyň ösen
tejribesini ornaşdyrmak, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine möhüm
ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, Milli Liderimiziň maslahatlaryndan ugur
alyp, gaznanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, onuň Tertipnamasyna täzeden
seredilendigini hem-de goşmaçalar girizilip, taslamasynyň taýýarlanandygyny
habar berdi. Hususan-da, Tertipnamanyň täze taýýarlanan görnüşinde gaznanyň
düzümine Esaslandyryjyny girizmek meselesi hem-de Esaslandyryjynyň
ygtyýarlyklary beýan edildi. “Gaznanyň esaslandyryjylary bilen bagly Tertipnama
girizilen goşmaçalar haýyr-sahawat işini has-da özgertmekde, haýyr-sahawat
taslamalaryny we maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli bolar”
diýip, R.Bazarow sözüni jemledi.
Hormatly Arkadagymyz gazna tarapyndan alnyp
barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini, şunda halkara
hyzmatdaşlyga möhüm üns berilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny aýdyp, bu babatda
öz maslahatlaryny berdi. Soňra Milli Liderimiz haýyr-sahawat düzümi tarapyndan
degişli döwürde alnyp barlan bejeriş işleri, halkara hyzmatdaşlygyň
ilerledilişi barada çykyş etmek üçin gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine
ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa söz berdi.
O.Atabaýewa gazna tarapyndan amala aşyrylan köp
sanly haýyr-sahawat işleriniň, onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe
operasiýalaryň, çagalara bejeriş-dikeldiş, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň
ýerine ýetirilendigini we bu ugurdaky çäreleriň yzygiderli dowam
etdirilýändigini belledi. Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti häzirki döwre
çenli tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalaryň geçirilendigini
we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň
ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi.
Mundan başga-da, 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi işleri ýerine
ýetirildi. Olar kämil hünärli çaga lukmanlarynyň ýörite gözegçiliginde
saklanýar. Mundan başga-da, gaznanyň howandarlygynda dürli bäsleşikleriň
geçirilendigi aýdyldy. Şunda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň
gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşikde mümkinçiligi çäkli çagalaryň hem
baýrakly orunlary eýeländiklerini, Arkadag şäherindäki çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzümine girýän çagalar bakja-bagynda
terbiýelenýän körpeleriň arasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň bardygyny bellemek gerek.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji
direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa abraýly halkara guramalar bilen
gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini, degişli ugurlar boýunça özara
ylalaşyklaryň gazanylýandygyny we ikitaraplaýyn resminamalara gol
çekilýändigini aýtdy. Dünýä ýurtlaryndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen
hyzmatdaşlyk etmäge teklipler yzygiderli gelip gowuşýar. Şeýle hem gaznanyň
alyp barýan işi bilen baglanyşykly maglumatlaryň internet saýtlarynda
ýerleşdirilýändigine ünsi çekip, O.Atabaýewa bu düzümiň işine döwlet tarapyndan
ýakyndan ýardam berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly
Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň
ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän işini has-da kämilleşdirmek we onuň
gerimini giňeltmek meselelerine ähmiýet bermelidigini belläp, bu babatda öz
maslahatlaryny berdi. Mejlisde gaznanyň Tertipnamasyny has-da kämilleşdirmek
maksady bilen, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we
gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary
barada çykyş etmek üçin gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa söz berildi.
M.Hojamberdiýewa häzirki döwürde Çaganyň hukuklary
hakynda Konwensiýa, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek
boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyna» we
beýleki hukuk namalaryna laýyklykda, çaganyň ýaşamaga, ösmäge, saglygyny
goramaga we bilim almaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek, olar üçin ýola
goýulýan hyzmatlary, berilýän goldawy halkara ülňülere laýyk getirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ozal berlen tabşyryklara
laýyklykda, gaznanyň işini düzgünleşdirýän kadany has-da kämilleşdirmek maksady
bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyna täzeden seredilip, onuň
taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Onda gaznanyň Prezidentiniň
ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn ýerine ýetirilmegi, berk dolandyryş binýadyny
pugtalandyrmak bilen, oňa täze Esaslandyryjylaryň girizilmeginiň tertibi hem-de
olaryň ygtyýarlyklarynyň kesgitlenilmegi bilen bagly kadalar goşuldy.
M.Hojamberdiýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek
hakynda hem-de gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň
taslamalaryny Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz Tertipnamanyň taslamasyna
laýyklykda, gaznanyň Esaslandyryjysynyň gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny
ýerine ýetirmegi gaznanyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň —
wise-prezidentleriniň biriniň üstüne ýükläp bilýändigini aýdyp, gaznanyň
düzümine täze esaslandyryjylary girizip bilýändigini, şeýle-de Esaslandyryjynyň
öz ygtyýarlyklaryny esaslandyryjylaryň birine geçirmek hakynda karara gelip
bilýändigini belledi. «Ýokarda beýan edilenler gaznanyň Esaslandyryjysynyň
Karary bilen resmileşdirilýär» diýlip taslamada nygtalýar. Tertipnamanyň
taslamasynda gaznany esaslandyran Esaslandyryjynyň bitiren aýratyn işlerini göz
öňünde tutup, onuň gaznanyň Hormatly Esaslandyryjysy hökmünde müdiriýetiň
mejlislerine gatnaşmaga, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny
durmuşa geçirmäge hukugy saklanýar diýlip bellenilendigini hem aýtmak gerek.
Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda, şeýle hem
gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz gaznanyň serişdeleriniň
sarp edilişi barada hasabat bermek üçin gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa söz berdi.
Ý.Çernowa şu ýylyň başyndan bäri gaznanyň
serişdeleriniň ulanylyşy we serişdeleriň anyk hasabyny ýöretmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasyna gelen ýüztutmalar esasynda ýurdumyzyň kömege mätäç çagalaryna
ynsanperwerlik goldawy berilýär. Şol bir wagtyň özünde bu düzüm tarapyndan
daşary ýurtlaryň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna degişli kömekler
ugradylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň
serişdeleriniň ulanylyşy baradaky anyk maglumatlaryň bolmagynyň möhüm talap
hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatda ugurdaş düzümler bilen
bilelikdäki işleriň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi onuň
serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň esasy şerti bolup durýar.
Hormatly Arkadagymyz hasabaty diňläp, berkarar
döwletimizde ynsanperwer däplere eýerilip, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny
tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar hem-de ýetginjekler hakynda
aýratyn alada edilýändigini, döwletimiziň bu çagalary üns merkezinde saklap,
olaryň bilimli, Watana wepaly bolup ýetişmegi, özlerini agzybir maşgalanyň —
jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmagy üçin ähli mümkinçilikleri
döredýändigini aýtdy. Gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalary durmuş
taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamagy
üçin amatly şertleri döretmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik,
sahawatlylyk däplerini dowam etdirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde
hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ägirt uly tagallalary
edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar.
Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň ýagty geljegini üpjün etmäge örän
jogapkärli çemeleşýäris diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda çagalaryň hiç
biriniň hossarsyz däldigini, olaryň arkasynda dag ýaly döwletiň durandygyny
aýdyp, mundan beýläk-de çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi,
jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin ähli oňaýly şertleriň
dörediljekdigini, geljek nesillere hemişe goldaw we hemaýat beriljekdigini
tassyklady. Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada biziň beýik we ýagty
geljegimiz baradaky aladadyr. Amala aşyrýan bu işlerimiz watandaşlarymyzyň
häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm
ähmiýete eýedir. Bu ugurda taryhy işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alyp barýan parz, ynsanperwer, asylly işlerinde mundan beýläk hem
uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine
ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt
Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur
gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam
pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan
gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly
däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we
onuň doganlyk halkyna, hususan-da, çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga
rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Türkmen halky goňşusy bilen hemişe agzybir ýaşap,
şatlygyny hem, gynanjyny hem onuň bilen paýlaşypdyr. Halkymyz kyn pursatda
goňşusyna ýardam bermek üçin oňa hemişe dostluk goluny uzadypdyr. Bu bolsa
türkmen halkynyň goňşusyna goýýan sylag-hormatyndan, ynsanperwer däplerinden
nyşandyr. Ata-babalarymyzyň «Kyýamat güni goňşudan» diýen dana sözlerinden ugur
alyp, goňşularymyza mätäç gününde doganlyk kömegi berler. Şoňa görä, doganlyk
owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken
çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň
wajypdygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda gaznanyň wise-prezidenti
O.Atabaýewa hem-de hasapçysy Ý.Çernowa degişli tabşyryklary berdi.
Ynsanperwerlik kömegi hökmünde mätäç çagalara gerek
bolan däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur
bolan beýleki önümleri ibermeli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we gaznanyň
wise-prezidenti R.Bazarowa ähli meseleler boýunça guramaçylyk işlerini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. “Biz mundan beýläk-de türkmen halkynyň
gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýaly mukaddes däp-dessurlaryny dowam etdireris”
diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini jemledi. Milli
Liderimiz hemmelere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw
etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda
gaznanyň işiniň häzirki ýagdaýy we onuň öňünde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gaznanyň wise-prezidentleri häzirki döwürde alnyp
barylýan işler we ony mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän
tagallalar barada hasabat berdiler. Hususan-da, bu düzümiň halkara
gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hakynda
giňişleýin maglumatlar berildi.
Milli Liderimiz haýyr-sahawat gaznasynyň işini
mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygynyň ynsanperwer
ugurlaryny ösdürmek bilen bagly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde
saklanmalydygyny belledi. Aýratyn-da, halkymyzyň asylly däplerine eýerip, goňşy
ýurtlara doganlyk golunyň uzadylmalydygyna üns çekildi. Şeýle hem hormatly
Arkadagymyz Owganystanyň pajygaly ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna,
çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ibermek meselelerini işjeňleşdirmegi
tabşyrdy. Munuň özi gaýragoýulmasyz kömek bolmak bilen, ejir çeken ilata
berilýän goldawyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere alyp barýan
işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden täze şäheriň «Arkadag» seýilgähine
tarap ugrady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag
şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, “Arkadag”
seýilgähinde behişdi bedewleriň, söwda kerweniniň heýkellerini ýerleşdirmek
boýunça alnyp barlan işler barada Gahryman Arkadagymyza hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekiller türkmen halkynyň
milli gymmatlyklaryny, taryhy döwürlerini alamatlandyrar. Şekilleriň seýilgähiň
beýleki desgalary we suw çüwdürimleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele
getirmegine möhüm ähmiýet berildi. Bu ugurda degişli düzümleriň wekilleri bilen
bilelikde tagalla edilýär.
Milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän şekilleri
synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Seýilgähiň çäklerinde oturdyljak söwda kerweniniň şekilleri halkymyzyň milli
gymmatlyklaryna bolan ählihalk söýgüsini aňlatmalydyr. Gahryman Arkadagymyz ady
rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň
taryhyna, olaryň görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň
ýerleşdirilmelidigini belledi. «Halkymyzyň dünýä nusgalyk gymmatlyklary bolan
ahalteke bedewleri, adamlaryň hemişelik hemrasy bolan alabaýlar, türkmen
halkynyň taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ynsan gylykly arwana düýeleri
milli buýsanjymyzdyr. Şeýlelikde, bu babatda ýerine ýetirilen işler häzirki
zaman talaplaryna we milli ýörelgelerimize doly laýyk gelmelidir» diýip,
Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny
berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli
maksatly desgalaryň gurluşygyna, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet
berilmelidigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz hemmelere öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.