Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş
saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli
maksatly binalaryň, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýoluň, köprüleriň,
ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli
ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Milli Liderimiz, ilki bilen, köpzolakly köpriniň aşaky
gatynyň diwarlarynda ýerleşdirilen şekilleri synlap, şekillerde geçmiş bilen
geljegiň özara baglanyşygynyň bardygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz
halkymyzyň öz geçmişine aýratyn sarpa goýýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Diýarymyzyň nurana geljege tarap ynamly öňe barýandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ata-babalarymyzyň bina galdyrmak, ýol çekmek,
köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede
dowam etdirilýändigini nygtap, ýagşy dessurlary özünde jemleýän işleriň ýokary
hil derejesinde amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy desganyň
germewlerinde ýerleşdirilen şekilleri synlady. «Bu künjegiň ahalteke
bedewleriniň asyl mekanydygyny nazara alyp, desgalaryň bezeginde ahalteke
bedewleriniň şekilleriniň ýerleşdirilmegi ähmiýetli çözgütdir» diýip, Gahryman
Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Bu ýerde ýerine
ýetirilen işler häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Köpzolakly awtomobil
köprüsiniň gurluşygy kesgitlenen meýilnama laýyklykda amala aşyryldy. Şeýle-de
binalaryň üçeklerine goýulýan serişdeleriň, ýol ýakalarynda oturdylýan beton
raýyşlaryň görnüşleri görkezildi. Bu serişdeleri ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki
binalaryň üçeklerine goýmak bellenildi.. Ýurdumyzda öndürilen bu önümleriň
importyň ornuny doly tutýandygy barada aýdyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýurdumyzyň Gurluşyk we
binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag
institutynyň hünärmenleriniň intellektual eýeçiligiň esasynda bu ýerleriň
seýsmiki ýagdaýyny ylmy esasda öwrenendiklerini aýtdy. Şunda ýeriň dykyzlygyna,
topragyň özboluşly aýratynlyklaryna, howa şertlerine möhüm ähmiýet berildi.
Arkadag şäheriniň çäklerinde dürli maksatly desgalar hut şol çözgüdiň esasynda
bina edilýär.
Hormatly Arkadagymyz üçekleriň we ýol ýakalaryna
niýetlenen betonlaryň hil babatda ýokary halkara görkezijilere, reňkiniňdir
berkliginiň bolsa ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şol
bir wagtyň özünde olaryň bezeg babatdaky derejesi ýokary bolmalydyr. Köpriniň
ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, onuň çäklerinde ýaşyl zolaklaryň
döredilmegi özboluşly binagärlik sazlaşygyny emele getirip, ekologiýa
ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly
Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa
taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada
maglumat berdiler.
Bu ýerde durmuş we önümçilik maksatly binalaryň şekil
taslamalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda
meýilleşdirilen işler, Gökdepe şaýolundaky döwrebap köpriniň, beýleki
desgalaryň görnüşleri görkezildi.
Milli Liderimiz şekil taslamalary bilen tanşyp, olara
birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şeýle-de ýol-ulag
düzümine degişli desgalaryň gurluşygy, şol sanda Gökdepe şaýolundaky köpzolakly
köpriniň, oňa barýan ýoluň ugrundaky ýol belgileriniň talabalaýyk bolmagyna, bu
ýoldan geçýän ýük ulaglarynyň kada laýyk derejede kesgitlenmegine möhüm üns
berilmegi babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Bu ýoluň rysgal-bereketli,
rowaç ýol bolmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda zerur
tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy
emele getirýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy ýokary hil
derejesinde alnyp barylmalydyr. Halk Maslahatynyň Başlygy köpzolakly köpriniň
gurluşygyny ýerli telekeçileriň amala aşyrandyklaryny belläp, ýurdumyzyň
telekeçileriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawyndan
netijeli peýdalanyp, giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýändiklerini we
olaryň bu babatda baý tejribe toplaýandyklaryny aýratyn nygtady.
D.Orazow şu ýylyň 12-nji martynda Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 million
300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans
önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhananyň açylandygyny belläp, Gahryman
Arkadagymyza Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini ilkinji gezek
Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanmak baradaky teklibi beýan etdi.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda
ýurdumyzyň kärhanalarynyň önümleriniň we serişdeleriniň ulanylýandygyna hem-de
daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklarynyň
yzygiderli döredilýändigine ünsi çekip, şunda Bäherden keramiki önümler
kärhanasynyň önümlerini yzygiderli ulanmak barada karara gelendigini aýtdy.
Şäher gurluşygynda ulanyljak üçek örtükleri, ýol betonlary, keramika önümleri
we beýleki gurluşyk serişdeleri ýokary hilli, göze gelüwli bolmalydyr. Olaryň
howa şertlerine çydamlylygy, berkligi aýratyn üns merkezinde saklanylmalydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu künjekdäki
Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan
häzirki zaman demir ýol we awtomobil menzillerini baglanyşdyryp, döwrebap
ýol-ulag düzümlerini emele getirjekdigini belledi. Munuň özi ýol-ulag düzüminiň
bir bitewi ulgamynyň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyz köpriniň açylyş dabarasyna
hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berip, bu
ýerden Keýmir kör şaýoly bilen Arkadag şäherine tarap ugrady.
...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, bu ýerde
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi
G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda D.Orazow döwlet derejesinde
berilýän goldawlar we degerli maslahatlar üçin hormatly Prezidentimize,
Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdi. Şeýle-de ol häzirki döwürde
täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy,
lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan
maksatnama, olaryň dowamynda ýerine ýetirilýän işleriň gidişi, gurluşyk, bezeg
serişdeleriniň aýratynlyklary, olaryň hil derejesi barada maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan we
gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň abadanlaşdyrylyşyna, olaryň bezeg
aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidigini
belledi. Şunda gurluşyk serişdeleriniň hili, berkligi, uzak möhletleýinligi
bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi
G.Mämmedowa Gökdepe şaýolunyň ugrunda bina edilen köpzolakly awtomobil
köprüsiniň sähetli gün açylmagyna ak pata berendigi üçin täze şäheriň ähli
ilatynyň adyndan Milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol häzirki
döwürde Arkadag şäherinde ýol-ulag düzümine degişli desganyň açylyş dabarasyna
görülýän taýýarlyk we beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Häkim Arkadag şäheriniň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly
seneleriň guramaçylyk derejesi, açylyş dabarasynyň maksatnamasy hakynda aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzda tutumly toýlaryň
dabarasynyň belentden tutulýandygyny belläp, ýol-ulag düzüminiň möhüm
desgasynyň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralarda türkmen halkynyň taryhyň
dowamynda döreden dünýä nusgalyk däpleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi
çekdi. Çünki türkmen halky bina galdyrmak, ýol çekmek we köpri gurmak ýaly
sogap işlere aýratyn gadyr goýýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022
— 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda»
kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalar
edilmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine
uly ähmiýet berilmelidir diýip, Milli Liderimiz nygtady we bu babatda degişli
ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde gurluşygy
batly depginde dowam edýän desgalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň metjidini
synlap, bu işleriň uzak geljegi nazarlaýandygyny, olaryň halkymyzyň bagtyýar
durmuşda ýaşaýandygyny görkezýändigini belledi. Häzirki döwürde metjidiň
gurluşygyna ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan köp sanly adamlar haýyr-sahawat
serişdelerini gönükdirip, sogap işe goşant goşýarlar. Bu bolsa ýagşy
dessurlaryň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Hajy Arkadagymyz ynsanperwer ýörelgeleri ugur edinip,
metjidiň gurluşygyna goşant goşýan adamlara öz minnetdarlygyny bildirdi we
olaryň ýollarynyň açyk boljakdygyny, haýyr-sahawat serişdeleriniň öwezine Beýik
Biribaryň rysgal-bereket eçilýändigini belledi we asylly işleriň hormatyna täze
metjitde ediljek doga-dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw
etdi.
Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan jogapkärli
işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.