milli goshun logo
Türkmen-gazak dostlugynyň mizemezliginiň nyşany
Türkmen-gazak dostlugynyň mizemezliginiň nyşany
17 sagat öň 12 Habarlar

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Türkmenistan – dost-doganlyk mekany» ady bilen geçirilen türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurtlar, şol sanda goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny görkezdi.

Goňşy döwletiň Mangistau welaýatynyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerinden, belli aýdymçylarydyr sazandalaryndan, tans toparlarydyr teatr sungatynyň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet welaýat döwlet drama teatrynyň öňünde düz-çörek, aýdym-sazlar bilen mähirli garşylandy. Dabara gatnaşyjylar ilki bilen bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä tomaşa etdiler.

Dabarada buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Onda çykyş edenler türkmen-gazak halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary we onuň häzirki döwürde döredýän döwrebap mümkinçilikleri hakynda durup geçdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu medeni çäräniň aýratyn uly ähmiýete eýedigini uly buýsanç bilen bellediler.

Soňra türkmen we gazak sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandy. Joşgunly çykyşlarda iki halkyň mizemez dostlugynyň, barha ösýän türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de parahatçylygyň waspy belentden ýetirildi.

«Türkmenistan – dost-doganlyk mekany» atly türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly dabarasy «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda hem geçirildi. Bu ýerde iki ýurduň ykdysady we medeni ösüşlerine bagyşlanan sergi hem guraldy.