milli goshun logo
Türkmen-eýran gatnaşyklary rowaçlanýar
Türkmen-eýran gatnaşyklary rowaçlanýar
01.04.2025 151 Habarlar

Düýn – 31-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Öz gezeginde, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Eýrana barmaga çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.