milli goshun logo
Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar
Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar
22.02.2024 250 Habarlar

Düýn – 21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministrini türkmen topragynda mähirli mübärekläp, netijeli döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ylym, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlyk, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki halky ýakynlaşdyrmagyň, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Şeýlelikde, özara bähbitlilige we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi taraplaryň hoşniýetliliginiň aýdyň görkezijisi bolup, däbe öwrülen gatnaşyklary hil taýdan täze, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmak babatdaky maksatlaryny açyp görkezýär.

Duşuşygyň ahyrynda netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de umumy bähbitleriň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirildi.