milli goshun logo
Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça özara maslahatlaşyldy
Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça özara maslahatlaşyldy
07.07.2022 481 Habarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirdi.

           Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara gürrüňdeşlik etmek bilen, onuň ulgamlaýyn esasda şeýle hem, yzygiderli ösüşlere eýe bolýandygyny bellediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energetika ugry boýunça ösdürilmeginiň ähmiýeti, halkara bazaryna energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak aýratyn bellenildi.