Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda
ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen
mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar.
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger
duşuşygy açyp, Gahryman Arkadagymyz bilen ýakynda geçiren duşuşygynyň
ähmiýetini belledi. Ol 2008-nji ýylda bu toparyň döredilmeginiň türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Awstriýa amala aşyran ilkinji resmi sapary bilen gönüden-göni
baglanyşyklydygyny aýdyp, medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki
taslamalara, maglumat alyşmalaryna we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
soňky ýyllarda netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygyna aýratyn
ünsi çekdi.
Türkmen tarapyndan çykyş edenler özara ynanyşmak we
birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan
türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen
bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurt hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak
üçin bar bolan uly mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýar. Mejlisiň
dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we
dostluk toparynyň iş ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe möhüm meseleler
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sanly ulgam arkaly çykyş edenler işewürlik
gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny aýdyp, täze başlangyçlaryň hem-de
durmuşa geçirilýän taslamalaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny
nygtadylar. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni diplomatiýa
arkaly gatnaşyklary has-da ilerletmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy
meseleleriň hatarynda boldy. Mejlisde 2026-njy ýyl üçin geljegi uly beýleki
taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň işini işjeňleşdirmäge,
bilelikdäki işe öňdebaryjy türkmen kompaniýalaryny çekmäge degişli meselelere
hem garaldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy,
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň 17 ýyllygy mynasybetli, iki ýurduň
arasyndaky ykdysady we işewürlik taslamalarynyň ösdürilmegine goşan uly
goşandy, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda alyp baran netijeli işi üçin toparyň
degişli agzasy Hormat haty bilen sylaglanyldy.
Şeýlelikde, 2025-nji ýyl Türkmen-awstriýa dostluk toparyna diňe bir ikitaraplaýyn wezipeleri däl, eýsem, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek üçin öz meýdançasyndan ýokary derejede peýdalanmaga hem mümkinçilik berdi.