milli goshun logo
Türkmen alabaýynyň halkara ykrarnamasy
Türkmen alabaýynyň halkara ykrarnamasy
13 sagat öň 11 Habarlar

Şu gün Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bu ugurda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen toplumlardyr merkezleriň döredilmegi türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny goramak we kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag işleriniň has-da çuňlaşdyrylmagyna giň ýol açdy.

Soňra «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabara Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada giňişleýin maglumat berýän çykyşlardan başlandy. Şanly wakanyň hormatyna guralan dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew çykyş edip, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan etdi. Türkmen alabaýlarynyň dünýäde eýeleýän mynasyp ornuny ykrar edýän güwänama halkymyzyň milli gymmatlygymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak babatda ýaýbaňlandyrylan işler oňyn netijelerini berýär. Ýakynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamany goldamak hakynda çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu kitap diňe bir itşynaslar üçin gymmatly gollanma bolmak bilen çäklenmän, alabaýlaryň gelip çykyşy, taryhy-medeni ähmiýeti, türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berýän düýpli ylmy çeşmedir. Onda taryhy we edebi maglumatlar, arheologik barlaglaryň netijeleri beýan edilýär. Şeýle-de her ýylyň oktýabr aýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň geçirilmeginiň ähmiýetine üns berildi. Çykyş edenler ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaýlary dünýä tanatmakda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan iberen Gutlagy barada-da durlup geçildi. Onda bellenilişi ýaly, alabaýlaryň tohumçylyk işini ösdürmek hem-de kämilleşdirmek itşynaslyk babatdaky giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr. Türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy tohum itleriniň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Şunuň bilen baglylykda, alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzy goramak we wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi nygtalýar.

Soňra dabara Aşgabat atçylyk sport toplumynda dowam etdi. Toplumyň açyk manežinde taryhy wakanyň hormatyna ýurdumyzyň şöhrat gazanan alabaýlarynyň we «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň görkezilişi boldy. Bu çäre joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etdi. Dabara gatnaşan ýurdumyzyň itşynaslary alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ähli görkezijiler babatda ýokary netije gazanan alabaýlaryň görkezme çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde özüniň gadymy görnüşini saklap galan türkmen alabaýlary halkymyzyň gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky garaýyşlarynyň esasy nyşanlarynyň biridir. Bedew atlary seýisläp ýetişdiren türkmen halky arassa ganly tohum alabaýlary ýetişdirmekde-de dünýä nusgalyk ýoly döredipdir.

Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi. Şanly wakanyň hormatyna guralan konsertiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Türkmen alabaýy» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabara gatnaşyjylarda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi.