24.01.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar
07.12.2021 99 Habarlar

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça 15 türgenden ybarat milli ýygyndy topary 7-nji dekabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde başlanýan dünýä çempionatyna gatnaşar.

29-njy gezek geçirilýän zenanlar bäsleşiginde Ýulduz Jumabaýewa, Bägül Berdiýewa (ikisem 49 kg çenli agramda), Polina Gurýewa (59 kg), Gülnabat Kadyrowa (71 kg) we Aýsoltan Toýçyýewa (81 kg) Türkmenistana wekilçilik ederler. 86-njy gezek geçirilýän erkekler bäsleşiginde Seýitjan Mirzaýew (61 kg çenli agramda), Maksat Meredow (73 kg), Rejepbaý Rejebow, Şatlyk Şöhradow (ikisem 81 kg), Rustam Annaberdiýew (89 kg) we Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg) çykyş ederler.