Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep
Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Prezident
Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden
gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri
arzuw etdi hem-de Milli Liderimiziň däp bolan türk-türkmen gatnaşyklaryny
has-da pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.
Gahryman
Arkadagymyz mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk
bildirip, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn doganlyk
döwletleriň biridigini hem-de dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny
kanagatlanma bilen belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly,
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dialog uzak möhletleýin,
strategik häsiýete eýedir. Halklarymyzyň dil, medeniýet, ruhy taýdan umumylygy
döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýardam berýär. Iki ýurduň Hökümet
wekiliýetleriniň yzygiderli amala aşyrýan özara saparlary, pudaklaýyn
edaralaryň arasyndaky maslahatlaşmalar we gepleşikler hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.
Söhbetdeşligiň
barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň
arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident
Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.