milli goshun logo
«Thunder child» islendik howa şertine ukyply
«Thunder child» islendik howa şertine ukyply
08.01.2022 8424 Tehnologiýa

Eger-de siz islendik howa şertinde çalt uçup gitmäge ukyply howa gaýygyny gözleýän bolsaňyz, muňa ýokary tizlik bilen hereket etmäge ukyply «Thunder Child» taslamasy jogap bolup biler. Taslamanyň gämi 180 dereje öwrülen ýagdaýynda keseligine galmak ukyby bar. «XSV-17 Thunder Child»-yň elmydama ýokary güýjüni saklamagyny üpjün etmek üçin howa girişleri awtomatiki usulda ýapylýar. Pes agyrlyk merkezi diňe bir gaýygyň üstünde aýlanmagy kynlaşdyrman, eýsem, gark bolandan soň öňki ýagdaýyna getirýär. Sebäbi suw astynda agyrlyk merkezi gaýygyň iň ýokarsyna düşende, bu hadysa gaty durnuksyz bolýar we awtomatiki ýagdaýda öňki halyna gaýdyp gelýär.