milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
04.03.2025 190 Habarlar

Düýn – 3-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, maýa goýumlar, ulag, söwda boýunça hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna öwrüljekdigini aýdyp, bu babatda bar bolan mümkinçiliklere, toplanan oňyn tejribä esaslanyp, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.