Düýn - 30-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup, bu ýurt bilen köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak döwletimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-birege ýakyndan goldaw bermek esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.