Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 167-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Singapuryň,
Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan
gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýäniň hem-de
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň
kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Özbegistanyň we Owganystanyň
işewürleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen
polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň
telekeçilerine daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler
hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 69 million
dollaryna golaý boldy.
Gazagystanyň
telekeçileri manat serişdelerine bahasy 567 müň manada deňbolan nah ýüplügi
satyn aldylar.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 99 müň 400 dollaryna barabar nah
ýüplügi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, umumy
bahasy 160 million manada golaý ýokary dykyzlykdaky polietileni we
polipropileni, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.